Gün urmasyndan ägä boluň!

Gün şöhlesi Ýer ýüzündäki janly-jandarlaryň durmuşynda edil suw, howa ýaly, tebigy zerurlyklaryň biri hasaplanýar. Emma tomus paslynda Günüň güýçli gyzmagynyň netijesinde, onuň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmak adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Jöwzaly günlerde, epgek howada gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Çagalaryň kölegede oýnamagyna gözegçilik etmeli. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmegi we hökman başgaply bolmaklaryny ünsden düşürmeli däldir. Bu möwsümde irden sagat 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň gezelenç etmek kadaly hasaplanýar. Ýiti Gün şöhlesiniň ýaramaz täsiriniň netijesinde, deride ýanyklar, tegmiller we ýygyrtlar peýda bolýar. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, ýaglyk atynmak, saýawandan, goraýjy äýneklerden peýdalanmak maslahat berilýär. Howanyň aşa gyzmagynyň netijesinde, adam bedenindäki suwuklyk der arkaly bölünip çykýar. Netijede, bedendäki madda çalşygynyň deňagramlylygy bozulýar, gan goýalmasy ýüze çykýar. Munuň öňüni almak üçin günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli. Gazlandyrylan, şireli suwlaryň deregine arassa agyz suwuny içmek talabalaýyk hasaplanýar. Yssy howadan öýe gelnende sowuk suw içmek, suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak siziň saglygyňyza ýaramaz täsir edýär. Kadalary berjaý ediň, saglygyňyzy goraň

Автор записи: admin