Güjümli gürrüňler

Daşky gabarasy bilen türkmen gojasynyň telpegini ýatladyp ösýän güjüm agajy biziň ýurdumyzda, esasan hem, Diýarymyzyň demirgazyk etraplarynda köp ekilýän agaçlaryň biri. Gabarasynyň äpetligi, uzak ýaşaýandygy bilen tapawutlanýan güjüm agajy dogrusynda ilat arasynda täsin gürrüňler aýdylýar.
Rowaýatda aýdylyşyna görä, aslynda güjüm erenler bolupdyr. Bir gezegem kyrk sany erenler ýowuz ýagynyň gabawyna düşýär. Olar başyny gutarmak üçin daga tarap gaçýarlar. Dagyň jülgesi kert gaýa diräp gutarýan eken. Onsoň erenler dini başga ýagynyň eline diri düşmejek bolup, Allatagala nalyş edip, özlerini agaja öwürmegi dileýärler. Şol pursatda olaryň kyrkysy hem agaja öwrülipdirler.
Kowup gelýän ýagy olary gözden ýitirýär. Erenler birden asmana uçan ýaly bolýar. Jülgäniň gutarýan ýerinde kyrk sany agaçdan başga hiç zat ýokmuş. Onsoň olar agajyň bir şahasyny kesip görýärler welin, ondan adamyň gany akýar.
Guşuň keramatlysynyň garlawaç, ösümligiň keramatlysynyň mährigiýa bolşy ýaly, agajyň keramatlysy hem güjüm agajy hasaplanýar.
Juwazyň sokusy azyndan 200 ýyl ýaşan güjüm agajyndan ýasalýar.
Güjüm agajy orta ýaşa ýetende onuň şahalary gapdala, taýak atym ýere çenli uzaýar. Şol ýerdenem şahalarynyň ujy ýere degip, kök urup başlaýarmyş.
Güjüm agajynyň şahalary gür, ýapraklary köp bolup, ýagyş, ýagmyr geçmeýär. Şeýle bolansoň onuň saýasy beýleki agaçlardan has salkyn bolýar.
Güjümiň saýasynda oturan adamlar uzak ýaşaýarmyş.
Bir güjümiň saýasynda uly toýuň mähellesiniň syganlygy, on sany ak öý tutulandygy barada maglumatlar duşýar.
Aşa zerurlyk bolmasa, güjümiň şahasy kesilmeýär.
Güjüm nahaly oturdylanda, onuň döremegine esas bolan kyrk sany ýagşyzada degsin-töwir etmelimiş.
Güjüm agajy kyrk ýylda bir gezek gülleýärmiş
Güjüm beýleki agaçlara seredende haýal ösýän agaç. Häzirki döwürde onuň ösüşini çaltlandyrmak üçin, ony garaman agajyna sapyp ýetişdirýärler.

Автор записи: admin