Täze ýylyň baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem giň gerime eýe boldy. Belent ruha, şatlyk-şowhuna beslenýän şeýle dabaralar Daşoguz welaýatynyň etrapdyr şäher medeniýet bölümleriniň guramagynda her gün «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada — Daşoguz welaýatynyň baş arçasynyň döwresinde ýaýbaňlandyryldy. Älemgoşar öwüşginlerine baý arça, meýdançanyň dürli baýramçylyk bezegleri şäheriň gözel künjegi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Bagtyýar raýatlarymyzda baýramçylyk ruhuny oýarýan, ýakymly duýgulary döredýän gözel görnüşler bu ýerde ýaýbaňlandyrylýan joşgunly aýdym-sazly çykyşlaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Dabaralaryň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Ajaýyp döwrümizi, baky bagtyýarlygymyzy wasp edýän aýdym-sazlar, joşgunly tanslar dabaralara gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Şadyýan çagalaryň baýramçylyk çykyşlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel ýurdumyzda zehinli ýaş nesilleriň kemala gelýändigini alamatlandyrdy.
Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň, tans, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda, şowhunly tanslarynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhy joşguny öz beýanyny tapdy.