Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby taryhy ýadygärliklere we taryhy galalara baý etraplaryň biri hasaplanylýar. Görogly etrabynyň çäginde ýerleşen taryhy galalaryň biri hem Yzmykşir galasydyr.
Yzmykşir galasy Görogly etrabynyň Ýagtylyk we Yzmykşir obalarynyň aralygynda ýerleşýär. Gala 20 gektar töweregi meýdany tutýar. Ol dört derwezeli, 12-15 metr belentlikde bolan diwarly, dörtburçluk gala. Galanyň diwarlary laýdan bina edilen. Gala duşmandan goranmak maksady bilen gurlupdyr. Käbir alymlaryň ýazmaklaryna görä onuň derwezeleri demirden bolup, ol içinden berk ýapylypdyr, galanyň daş-töweregine suw goýberilip, ol berk goraga öwrülipdir.
Bu gala 1074-1134-nji ýyllarda ýaşap geçen yslamyň hanafy ugrunyň hukuk alymy, filosof, dilçi we edebiýatçy, syýasatçy Abul Kasym ibn Omar Zamahşary bilen baglanyşyklydyr. Zamahşaryny öz döwründe “Fahr-i Horezm”-“Horezmiň guwanjy” diýip atlandyrypdyrlar. Bu gala gadymy Horezmiň iň gadymy ilatly ýerleriniň biri bolup, ony kä oba, käte bolsa şäher diýip atlandyrypdyrlar. Onuň aýratyn gülläp ösen döwri 11-12-nji asyrlara gabat gelýär. Bu galanyň üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk ugry geçipdir.
Galanyň gelip çykyşy barada halk arasynda dürli hili rowaýatlar bolup, ol rowaýatlar nesilden-nesile geçip biziň günlerimize çenli aýdylyp gelnipdir.