Gök öwüsýär otlary

Adaty düýedaban — düýedabanlar maşgalasyndan bolup, boýy 40 — 80 santimetre ýetýän, köpýyllyk otjumak ösümlik. Ol aprel — iýun aýlary gülleýär we maý — awgust aýlarynda miweleýär. Ösümlik goraghananyň Uzynşor kölüniň töwereginde, Ýedihowuzda, Gulantakyr meýdançasynda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň suw akabasynyň ugrunda, Sarygamyş çäkli goraghananyň meýdanlarynda, welaýatymyzyň medeni-oturymly ýerlerinde giňden ýaýrandyr.
Türkmen halk lukmançylygynda adaty düýedaban peşew haltasynyň kesellerinde, guragyryda, deri sökelliklerinde, soguljanyň garşysyna serişde hökmünde peýdalanylýar.
Atdamak — selmeler maşgalasyndan bolup, boýy 5 — 40 santimetre ýetýän birýyllyk otjumak ösümlik. Ösümlik çöllerde, çägeleşen, toýunly takyr görnüşli topraklarda ösüp boý almagy halaýar. Ol maý — awgust aýlary gülleýär hem miweleýär. Ösümlik Burçlyburunda, Akinişde duşýar. Türkmen halk lukmançylygynda atdamagyň oty dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Atdamagyň otundan taýýarlanylýan peti sowuklama kesellerinde ulanylýar. Şeýle hem ony nahara hoşboý ys beriji hökmünde peýdalanmak mümkin.
Çägemik — üzärlikler maşgalasyndan bolup, onuň boýy 80 — 120 santimetre ýetýän ýarym gyrymsy wekili. Ol maý — iýul aýlary gülleýär, iýundan sentýabra çenli miweleýär. Ösümlik toýunsow topraklarda, çägeli şorlaşan ýerlerde seýrek, topbak-topbak bolup ösmegi halaýar. Şeýle-de ol gurakçylyga durnukly we şora çydamly. Çägemik seýrek ösümlikleriň hatarynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 2011-nji ýyldaky 3-nji neşirine girizilen. Ösümlik Üstýurt gyrynyň eteginde, Akinişde, Mergenaşanda, Bötendagda duşýar. Çägemigiň gyzylja miwesi bolup, ony azyk önümçiliginde ter, guradylan we işlenen görnüşde ulanyp bolýa

Автор записи: admin