Daşoguz welaýatynyň ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ösüşinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherinde ýerleşýän demir-beton önümleri kärhanasynyň möhüm orny bar. Soňky ýyllarda kärhana diňe bir jaý gurluşygy üçin zerur bolan demir-beton gurnamalaryny öndürmän, eýsem gurluşyk işlerini-de amala aşyrýar. Onuň hünärmenleri häzirki wagtda welaýat merkezinde kerpiçden we iri panelli köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda tutanýerlilik görkezýärler. Mundan başga-da, etraplaryň birnäçesiniň çäginde kärhananyň hünärmenleriniň tagallasy bilen, döwrebap taslamalar boýunça kottej jaýlary-da gurulýar. Şonda agzalan kärhananyň bu işlere ýerli telekeçilik düzümlerini höwes bilen çekýändigini-de bellemek gerek. Mysal üçin, hususy kärhanalaryň ençemesi bäş otagly, bir gatly, amatlylygy gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga tabşyrmakda yhlaslylyk görkezdiler. Olara mysal edip, Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň çägindäki täze jaýlary görkezmek bolýar. Şonuň ýaly jaýlaryň dördüsi demir-beton önümleri kärhanasynyň hyzmatdaşlary tarapyndan Akdepe şäherinde hem-de iki gatly kottej jaýlarynyň üçüsi Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň merkezinde gurlup, ulanylmaga berildi.
Daşoguz şäherindäki demir-beton önümlerini öndürýän kärhananyň mundan birnäçe ýyl öň durky täzelenildi, täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Olaryň ygtybarly ulanylmagy ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu önümlere bolsa gurluşyk pudagynda, jemagat hojalygynda we beýleki ugurlarda isleg barha artýar.