Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy arkaly ýurdumyzyň raýatlaryny şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek babatda maslahat berýär. “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy öz müşderilerine bu barada SMS habarnamasyny iberdi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň habarnamasynda: “Hormatly adamlar! Saglygyňyzy berkitmek üçin agyz-burun örtügini dakynmak, köpçülik ýerde aralygy 2 metr saklamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär” – diýlip bellenilip geçilýär. Ozal hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy arkaly yzygiderli ýurdumyzyň raýatlaryny saglygyny goramak babatda SMS-habarnamalaryny iberipdi.
Похожие записи '
10 Мар
Almaly, käşirli, darçynly tort
Gerekli önümler: 3 sany ýumurtga 1.5 bulgur şeker 1 käse süýt 1 käse ýag 2 nahar çemçesi gatyk 2 bulgur...
05 Мар
SAGDYN BOLUŇ-SAGLYK BAGTLY DURMUŞYŇ GÖZBAŞYDYR.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykaryldy....
05 Мар
Bananyň peýdalary
Käbir adamlar her gün banan iýýärler, beýlekiler artykmaç semremekden gorkup, olardan gaça durýarlar. Hawa, banan uglewodlara we...
05 Мар
Mugallymlar üçin okuwçylar we çagalar bilen koronawirusyň keseli (COVID-19) barada gürleşmegiň ýollary
Bütin dünýäde adamlar özüni, maşgalalaryny we jemgyýetini koronawirusyň keselinden (COVID-19) goramak üçin çäreleri görýär....