Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy “Demirgazyk akym- 2” taslamasyna ygtyýarnama bermek üçin Germaniýada “Gas For Europe” atly bir kompaniýa döredendigini habar berdi.
“Demirgazyk akym- 2” tebigy gaz geçiriji taslamasynyň ýerine ýetiriji kompaniýasy “Demirgazyk akym- 2 AG” tarapyndan berlen beýanatda Germaniýada “Gas For Europe” atly kiçi kompaniýanyň döredilendigi mälim edildi.
Berlen beýanatda: “Täze kompaniýa, Germaniýanyň territorial suwlarynda we Lýubmin desgalarynda ýerleşýän “Demirgazyk akym-2″ şahasynyň 54 kilometrlik böleginiň eýesi we operatory hökmünde Germaniýanyň energetika kanunyna laýyklykda garaşsyz geçiriş ulgamy operatory bolar” diýen beýan goşuldy.
Germaniýanyň energiýa bazaryny düzgünleşdiriji “Bundesnetzagentur-BNetzA” 16-njy noýabrda “Demirgazyk akym-2” taslamasynyň ygtyýarnamalaşdyryş işiniň wagtlaýyn togtadylandygyny habar beripdi.
Jemi bahasy 10 milliard ýewro töweregi bolan “Demirgazyk akym-2” taslamasy bilen ýylda Baltika deňziniň üsti bilen Germaniýa 55 milliard kubmetr rus gazyny ibermek meýilleşdirilýär.
Bu taslamanyň hyzmatdaşlarynyň arasynda “Shell”, “OMV”, “Engie”, “Uniper” we “Wintershall” ýaly kompaniýalar we taslamanyň eýesi “Gazprom” bar.