Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýedigi hem-de onuň iki halkyň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýändigi bellenilip geçildi.
Saparyň çäklerinde Gazagystanyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary R.Sklýaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedow bilen hem duşuşygy geçirildi.