Mukaddes Garaşsyzlyk — munuň özi diňe bir özygtyýarlylygy we erkinligi aňlatman, eýsem, döwrebaplygyň, milliligiň, medeni ösüşiň we bilim bagtynyň binýadydyr. Garaşsyzlyk alyp galkynan eziz Diýarymyzda milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş neslimize dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bu günki gün ähli derejedäki bilim edaralarynyň işi dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýady hem barha berkeýär.
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň miweleriniň biri bolan biziň ýokary okuw mekdebimizde hem ösüp gelýän ýaş neslimiziň döwrebap, medeniýetli dynç almaklary, beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmekleri, zamanabap bilim-terbiýe almaklary, işine ussat ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli amatly şertler döredilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak göwnejaý ýola goýuldy, häzirki zaman okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan binalardyr desgalarda ökde hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredildi. Multimediýa tehnologiýasy arkaly döredilen häzirki zaman sanly bilim ulgamy barha kämilleşdirilýär. Okatmagyň bu usulyny okuw mekdeplerinde ornaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek boýunça işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim edaralary Uzak Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlarynyň iri merkezleri bilen ylmy-tehniki gatnaşyklary täze derejä çykardylar.
Ylym ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek, döwlet mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim edaralarynda, başlangyç we orta hünär bilimi edaralarynda, ýokary hünär bilimi edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, Sanly bilim konsepsiýasyny, okuw-tehniki enjamlaryny ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär. Durmuşa ornaşdyrylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde, häzirki döwürde kämil milli bilim ulgamy döredildi. Bu ulgam raýatlarymyza häzirki zaman bilimini bermäge we ykdysadyýetimizi ýokary derejeli dürli hünärmenler bilen üpjün etmäge ukyplydygy bilen tapawutlanýar.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleri ýokary okuw mekdeplerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi, ozal bar bolanlaryna täze, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän okuw binalarynyň sowgat edilmegi, olarda täze hünärleriň girizilmegi, ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur bolan şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynyň belent sepgitleri nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär. Öz hünärlerine ussat, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, jemgyýetimiziň, ykdysadyýetiň we medeniýetimiziň ösmegine mynasyp goşant goşýan, türkmen, iňlis, rus dillerini suwara bilýän hünärmenleri taýýarlamak işi barha kämilleşdirilýär.