«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny uly dabara bilen toýlaýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 30 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşler gazanyp, belent sepgitlere ýetdi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan uly üstünlikleriň şatlygy toý-baýramlar bilen utgaşýar. Ak şäherimiz Aşgabatda we welaýatlarda medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary yzygiderli gurulýar.
Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplygymyzyň esasy kadalaryndan we maksatlaryndan ugur alýan ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde, ýurdumyz dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hem hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Dost-doganlykdan, parahatçylykdan ugur alýan bu gatnaşyklaryň çäginde syýasy, ykdysady, medeni, ylym we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklar yzygiderli giňeldilýär.