GARAŞSYZLYGYŇ BAGTY

Ýurdumyzyň her bir güni bimöçber rowaçlyklara beslenip, döwletimiziň ykbal sahypasyna, döwür depderine altyn harplar bilen ýazylýar. Bagtyýarlyk döwrümiziň her güni bize ýazmaga, döretmäge täze tema, özboluşly joşgun eçilip dur. Üstümizdäki ýylymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna, gözel Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk dabaralaryna beslenip gelmegi, şeýle-de parasatly Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek hakynda gol çeken Karary, beren tabşyryklary halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilýän dabaralar, ulanmaga berilýän täze binalar, gazanylýan guwandyryjy netijeler — bularyň ählisi aýdan sözi işden aýry geçmeýän hormatly Prezidentimiziň tüýs adam hakyndaky, onuň eşretli durmuşy baradaky aladalarynyň aýdyň netijesidir.
Lebap topragynda uludan toýlanjak Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde bolup geçjek dabaralar, şanly wakalar Garaşsyz ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. «Geçmişe zyýarat, geljege syýahat» diýleni, ýurdumyzyň giň möçberli döredijilik toparynyň düzümine goşulyp, welaýatyň taryhy ýadygärliklerine zyýarat etmek, Medeniýet hepdeliginiň şöhratly wakalarynyň şaýady bolmak uly bagt. Sanlyja günden Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, Kerki şäherinde howa menziliniň, Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi binasynyň», Farap etrabynda «Çagalar dünýäsi» medeni dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralaryny ýakyndan synlamak, çeper filmleriň ilkinji gezek görkezilişine tomaşa etmek, Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan «Gül — Bilbil» operasynyň ilkinji görkezilişine tomaşa etmek bagtyna miýesser bolmak, elbetde, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň eçilen eşretli miweleridir.

Автор записи: admin