Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylynyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň çäkli ugurly bölegini dünýä ykdysadyýetiniň ugruna laýyklykda depginli ösýän özüni üpjün edýän milli modeline öwürmegi üstünlikli amala aşyrdy. Bu gün Türkmenistan MWF we WB görkezijileri boýunça sebitdäki goňşularynyň aglabasyndan öňe geçip, ilatyň jan başyna düşýän içerki önümiň jemi (IÖJ) möçberi – ýurduň ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän häsiýet boýunça dünýä ýurtlarynyň ilkinji ýüzlügine girýär. Ykdysadyýetiň garaşsyzlygyň başyndan bäri üstünlikli goldanýan durnukly ösüşi netijesinde 2012-nji ýylda Bütindünýä banky Türkmenistana girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurt statusyny (Upper Middle Income Country Status) berdi.
Garaşsyzlygyň ilkinji ädimlerinden toplanan serişdäniň ýokary derejesi saýasynda Türkmenistan resurs ykdysadyýetinden senagat-resurs, dürlüleşdirilen ykdysadyýete geçmek üçin, çig mala baglylygyny gowşatmak maksady bilen, maýa goýma syýasatyny işjeň alyp bardy. Netijede diňe daşary ýurt öndürijileriniň tehnikasy we tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan aýry-aýry has döwrebap kärhanalar däl, eýsem giden pudaklar emele geldi. Ýerli çig malda işleýän dokma senagaty, aslynda täzeden döredildi. Aşgabatdaky “Türkmenbaşy dokma toplumy” Merkezi Aziýa sebitinde iň uly dokma toplumydyr. Bu toplum 2000-nji ýylda ulanylyşa berildi. Onuň şol wagtky bahasy 116 mln ABŞ dollaryna barabardy.