«Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly güberçek görnüşinde ýerine ýetirilen sekizburçlukdan ybaratdyr. Ýubileý medalynyň umumy diametri 44.75 mm.
Sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň her biriniň arasynda nagyşlaryň üstüne çykyp duran kiçijik sekizburçly ýyldyzyň altyn çaýylan üç sany burçy ýerleşdirilen. Sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň her biriniň daşky burçy ýaşyl reňk bilen syrçalanyp, onuň içki bölegine altyn we kümüş çaýylan. Medalyň merkezinde tegelekleriň ikisi ýerleşdirilen, oýulyp şekillendirilen ýerligi kümüş çaýylan içki tegelek Ýer şarynyň şekilinde bolup, onuň sag we çep tarapynda altyn çaýylan gylyjyň şekili we ortasynda diametri 14,26 mm bolan altyn çaýylan galkanyň şekili bolup, onuň merkezinde altyn çaýylan Gün şöhleleri, üstünde galkanyň we iki sany gylyjyň şekilleri ýerleşdirilen. Içki tegelegiň daş ýüzündäki ýaşyl reňk bilen syrçalanan halkanyň ýokarky böleginde «GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ WATAN GORAGÇYSY» diýen altyn çaýylan ýazgy we halkanyň aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun pudagy hem-de ýazgy bilen zeýtun pudagynyň arasynda iki sany kiçijik altyn çaýylan sekizburçly ýyldyz bar. Daşky tegelegiň daş-töweregi bolsa kümüş çaýylan we ýaşyl reňk bilen syrçalanan dürli şekiller bilen nagyşlanan.
Ýubileý medalynyň arka tarapynyň merkezi böleginde umumy diametri 30 mm bolan tegelegiň ýokarky böleginde ini 1,5 mm bolan «GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ WATAN GORAGÇYSY» diýen ýazgy we tegelegiň aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun pudagy hem-de ýazgy bilen zeýtun pudagynyň arasynda iki sany kiçijik sekizburçly ýyldyz bar.
Ýubileý medaly halkajyk arkaly ini 25,2 mm, beýikligi 13,5 mm bolan iki gapdaly kertikli, gönüburçluk görnüşindäki kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň esasy meýdanynda güberçek görnüşinde altyn çaýylan galkan ýerleşdirilen. Galkanyň aşagynda iki sany gylyç atanaklaýyn ýerleşdirilen. Galkanyň merkezi böleginde iki sany zeýtun pudagy daşyna aýlanan sekizburçluk ýerleşdirilip, sekizburçlugyň merkezi böleginde bolsa bäş ýyldyzly ýarym Aý şekillendirilen.
Ýubileý medaly we onuň kolodkasy misiň we nikeliň garyndysyndan ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylýar.
Kolodkanyň arka tarapynda medaly geýime dakmak üçin ildirgiç bar.