GALLAM BAR — TYLLAM BAR

Obasenagat toplumynda, esasan, pagtaçylyk, gallaçylyk hem-de maldarçylyk pudaklary möhüm orny eýeleýär.
Gallaçylyk pudagyny ösdürmekde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik derejelere, belent sepgitlere ýetildi. Döwletimiziň özbaşdaklygyny alan ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Däne» hem-de «Täze oba» maksatnamalarynyň çäklerinde, suwarymly ýerleriň giňeldilmegi, tarp ýerleriň özleşdirilmegi, şeýle-de ulanyşdan galan ýerleriň täzeden ekin dolanyşygyna girizilmegi netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalygynyň galla ekilýän meýdanlary öz gerimini has-da giňeltdi. Netijede bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde, sözüň doly manysynda, azyk garaşsyzlygy üpjün edildi.
Döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşlarynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde pudaga häzirki zaman dünýä ylmyny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetiniň uludygyny, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny öndürmekde toprak hem howa şertleri biziň Diýarymyzyňky bilen gabat gelýän döwletleriň önümçilik iş tejribelerini öwrenmegiň, gerek bolsa durmuşda ulanmagyň zerurdygyny hemişe nygtap gelýär. Bu babatda ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynda alnyp barylýan işler hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Geçen gysga döwürde welaýatyň toprak-howa şertlerinde dogry gelýän güýzlük bugdaýyň «Sähraýy» we «Juwan» görnüşlerini uýgunlaşdyrmakda, şeýle-de «Wasdar-2» görnüşini döretmekde degişli alymlarymyz tarapyndan giň gerimli işleriň durmuşa geçirilendigini buýsanç bilen aýtmak bolar. Daýhanlaryň hak howandary bolan Gahryman Arkadagymyz oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda gallanyň diňe bir bereketli hasylyny öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, ony ygtybarly saklamak, arassalamak, gaýtadan işlenen görnüşinde halkymyza ýetirmek meselelerini hem hemişe üns merkezinde saklaýar. Muňa mysal edip, diňe 2014-nji ýylda ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz, Lebap hem Mary welaýatlarynda umumy göwrümi 360 müň tonna deň bolan 8 sany döwrebap däne elewatorlarynyň gurlup, ulanylmaga berlendigini görkezmek bolar. Şol ýyl welaýatymyzda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň sebitimize iş sapary bilen gelip, teleköpri arkaly birbada ýurdumyzyň agzalan welaýatlarynda gurlan şol elewatorlaryň açylyşyna ak pata bermegi bagtyýar ildeşlerimiziň toý şatlygyny arşa göteripdi. Welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň çäginde gurlan we guşgursak dänäni uzak möhletleýin, ygtybarly saklamaga niýetlenen 50 müň tonnalyk döwrebap elewator etrabyň gallaçy daýhanlarynyň arly ýyl irginsiz zähmetleri bilen kemala gelen galla hasylynyň uzak wagtlap, ýokary hil derejesinde saklanmagyny şertlendirýär.
Welaýatymyzda mundan başga-da, Daşoguz we Köneürgenç şäherlerinde, Görogly etrabynda şular ýaly elewatorlar we döwrebap un kärhanalary, Akdepe, Ruhubelent we Boldumsaz etraplarynda bolsa gallany uzak wagtlap zaýasyz saklamaga niýetlenen döwrebap ammarly elewatorlar, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda tüwi öndürýän kärhana bolup, bularyň ählisini Garaşsyzlygyň ildeşlerimize beren ajaýyp peşgeşi hökmünde häsiýetlendirmek bolar.
Dünýä tejribesine ýüzlenenimizde, islendik ýurduň kuwwatynyň onuň ykdysady binýadynyň berkligi bilen ölçenilýändigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýurduň ykdysady ösüşleri bolsa belli bir derejelerde oba hojalyk pudagynyň kämilligine bagly. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, özgertmeleriň başyny beýleki möhüm ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalygyny galkyndyrmakdan başlady. Şeýle uly aladalaryň netijesinde, geçen gysga döwürde toplumda amala aşyrylan derwaýys özgertmeler, düýpli täzelenişler, daýhanyň ýeriň hakyky eýesine öwrülmegi, olara döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler pudagyň rowaçlyklaryň aýdyň ýoluna düşmegine getirdi.
Şu ýyl welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary üçin düşümli ýyllaryň biri boljakdygyna islendik etraba baranyňda-da aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar.  Häzirki wagtda welaýatyň gallaçy ýer eýeleri 145 müň gektar meýdandan 265 müň tonna guşgursak däne öndürmegi maksat edinýärler.
Hawa, saçaklarymyzyň görki, ýüreklerimiziň örki, bilimiziň kuwwaty hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň berk binýady bolan türkmeniň ak bugdaýynyň waspyny ýetirmäge sözler ejiz gelýär. Şonuň üçin hem halkymyz ony «ekinleriň soltany» diýip arzylaýar
Barha golaýlaşýan galla oragy möwsümine welaýatyň «Türkmengalla» döwlet birleşigine degişli edara-kärhanalarynyň işgärleri şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde, galla kabul ediş bölümleriniň 30-a golaýy häzirki döwürde möwsüme doly taýýar edilip, şonuň 7 sanysy guşgursak dänäni ýokary hil derejesinde, uzak möhletleýin, ygtybarly saklamaga niýetlenen döwrebap elewatorlardyr. Şol desgalaryň 360 müň tonna golaý bugdaý hasylyny kabul etmäge we ýylyň islendik möwsüminde talabalaýyk derejede saklamaga mümkinçilikleri bar.

Автор записи: admin