Gallaçylygyň gadymy kökleri

Ata-babalarymyz has irki döwürlerde bugdaý hasylyny ýygnamagyň we ony taýýar azyk önümi görnüşine getirmegiň ýönekeý, emma şol döwür üçin kämil usullaryny, zähmet gurallaryny oýlap tapypdyrlar. Şol gurallary, olary peýdalanmagyň usullaryny içgin öwrendigiňçe, halkymyzyň daýhançylyk tejribesiniň taryhy kökleriniň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyna düşünýärsiň. Bu hakykata, ýagny ata Watanymyzyň gallaçylygyň ösen merkezleriniň biridigine bütin dünýäde ykrar edilen taryhy maglumatlar güwä geçýär.
Bugdaýly pellerden orlan hasyl harmanjaýa ýa-da harmanýere getirilýär. Bu ýerde döwekçiler harmany döwýärler. Bu işe «döwek» diýilýär. Döwek işçi mallaryň kömegi bilen ýa-da el güýji bilen tokmaklanyp amala aşyrylýar. Kähalatlar gündelik zerurlyklar ýüze çykanda, dänäniň gerekli möçberi sokuda hem döwlüpdir. Döwlen galla degirmende üwelip, un alnypdyr. Degirmene, başgaça, haraz ýa-da asyýa hem diýlipdir.  «Asyýa» pars sözi bolup, ol suwuň güýji bilen hereket edýän degirmendir. «Haraz» «har» we «asyýa» sözleriniň birikmeginden emele gelip, düýe goşulyp, däne üwelýän gadymy desgalaryň biridir. Degirmeniň iň gadymy görnüşine «owdy» diýilýär. Ol daşky görnüşi babatda soka çalym  edip, onuň kömegi bilen dänäni köwek daşyň içine guýup ýençmek, owmak arkaly un, ýarma taýýarlanypdyr.
Baý durmuş tejribesine eýe dana pederlerimiziň gündelik durmuşy, asyrlarboýy eşrepi deý arzylap, biziň günlerimize ýetiren köp öwüşginli milli mirasy hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, häzirki wagtda giňişleýin öwrenilýär, ýaş nesillerimiziň arasynda wagyz edilýär.

Автор записи: admin