Gubadag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti, beýleki jemgyýetçilik guramalary etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde gyzgalaňly günlerde galla hasylyny ýygnaýan edermen babadaýhanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, birnäçe çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirýärler. Şeýle çäreleriň biri hem etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde bugdaý hasylyny ýygnaýan gallaçy kärendeçileriň arasynda ýörite meýilnama esasynda guraldy. Günortanlyk arakesme wagtynda etrabymyzyň medeniýet bölüminiň aýdymçylary Gülbahar Saparowa, Enegül Jumanowa, Törebaý Myradow, Arazmyrat Baýmyradow dagynyň şirin owazly aýdymlary, «Gubadag» tans toparynyň ýerine ýetiren joşgunly tanslary gallaçylarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, olary zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Dabara ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň sergisi bilen tanyşdylar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby boýunça taýýarlanan melhemlik çaýlardan teşneligini gandyran edermen gallaçylar medeni çäräniň ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny aýtdylar.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň «Parahat» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde «Armaweriň, gallaçylar!» atly aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Bu çärä öňdebaryjy gallaçy daýhanlar, edermen kombaýnçylar, sürüjiler, oba hojalyk hünärmenleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Günortanky arakesme wagtynda geçirilen aýdym-sazly çärede etrabyň medeniýet merkeziniň «Aýböwür» folklor tans toparynyň sazandalary we tansçylary şowhunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Zehinli aýdymçylaryň hoş owazly aýdymlary köpçüligiň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Milli sazlarymyzyň şirin owazy bilen sazlaşyp gidýän tans hereketleri, bagtyýarlyk döwrümiziň ösüşlerini beýan edýän görnüşler oba zähmetkeşleriniň göwün guşuny asmana göterdi. Aýdym-sazly medeni çäräniň ahyrynda öňdebaryjy gallaçylaryň we gaýratly kombaýnçylaryň birnäçesine TKA-nyň etrap birleşmesiniň ýörite taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.