GAHRYMANLARYŇ EDERMENLIGI ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAÝAR

1941 — 1945-nji ýyllaryň agyr ýaralary we ýatlamalary adamlaryň ýüreginde goýup gidenine 76 ýyl dolup, ol bizden barha daşlaşýan hem bolsa, söweşde görkezilen gahrymançylygy, uruş ýyllaryndaky kynçylyklary her bir türkmen öz ýüreginiň töründe saklaýar. Çünki bu gazaply uruşda millionlarça adamlar bilen bir hatarda, türkmen halkynyň edermen ogullary Watanymyzyň azatlygy ugrunda gahrymanlarça söweşdi. Şu günki parahat, erkana durmuşyň hatyrasyna faşizme garşy ganly söweşlerde janyny gurban eden milli gahrymanlarymyzyň görkezen edermenlikleri häzirki we geljekki nesillerimiziň ýüreklerinde baky ýaşaýar.
Ýefreýtor Berdimuhamet Annaýew frontuň öň hatarynda söweşýän esgerlere goşulýar. Ýefreýtor goşuna täze alnan esger däl-de, eýsem, ot-ýalnyň içinden geçen goç ýigit ýaly söweşýär. Çünki uruş başlamazdan öň, mekdepde çagalara bilim berip, raýat goranyşy, çalasynlyk, çydamlylyk, mergenlik derslerinde alnan endikler oňa söweş pursatlarynda uly kömek edýär. Onuň batyrlygy, edermenligi söweş ýoldaşlaryna we bölümiň serkerdelerine derrew aýan bolýar. Berdimuhamet Annaýewiň asyl käriniň mugallymçylykdygyny bilenlerinde bolsa oňa aýratyn hormat goýýarlar. Elbetde, Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly bu günki nesiller üçin nusga alarlyk mekdepdir.
Pederlerimiziň ajaýyp däplerini dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Biz halkymyzyň we Watanymyzyň öňünde uly hyzmatlary bitiren uruş we zähmet weteranlarymyzyň saglygyny goramak we dikeltmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin hemişe uly alada ederis» diýip belleýär. Bu günki gün 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllyk senesi uly dabaralara beslenýär.

Автор записи: admin