Watan — ata-babalarymyzyň bize bagyş eden iň uly mirasy. Şonuň üçin her bir türkmen Watanyny hiç haçan bahasyna ýetip bolmaýan iň beýik mukaddeslige deňeýär. Watan ynsanyň ýüreginden başlanýar.
Ýaşamak, ýalkanmak, togap-tagzym etmek üçin Watan gerek. Ata Watan hem ene toprak biziň bagtymyzdyr. Öz Watanynda ýaşaýan adam özüni juda arkaýyn duýýar. Durkuny, özüni oňa bagyşlaýar. Öz doglan, önüp-ösen, ýaşaýan ýeriň gymmatyny, onuň gadyryny bilmek manyly ömür sürmekdir. Ömür şu toprak, şu Diýar bilen ömürdir. Adam Watana bolan söýgüsi bilen beýikdir.
Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi watançylyk söýgüsine ýugrulandyr. Onuň watansöýüjilik, halallyk, pespällik, adamkärçilik duýgulary bilen bezelen çuň many-mazmunly eserleri halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, türkmen nusgawy edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Şahyryň giň mazmunly, ajaýyp pikirlere baý şygyrlary adamzat jemgyýetini watansöýüjilige, ruhubelentlige, ar-namyslylyga, halallyga, adamkärçilige çagyrýar. Akyldar şahyrymyz:
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa-sökse, horlasa-da il ýagşy.
ýa-da:
Eşit, adam dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz —
diýip,Watan mertebesiniň durmuşy zerurlykdygyny nygtaýar.
Geçmişde ata-babalarymyzyň ýaşan zamanasy we şu günki bagtly döwrümiz barada oýlananyňda, Watanymyzda asuda, abadan, parahat durmuşyň höküm sürýändigine buýsanýarsyň.