Ene ýüreginiň owazy

Ýer ýüzünde şeýle bir ajaýyp aýdym bar. Ol aýdymy bagşylar däl-de, her kim öz ukyp-başarnygyna görä ýerine ýetirýär. Muňa garamazdan, ol aýdym diňleýjisini bada-bat özüne çekip, ýüpsüz baglaýar. Ol aýdymy näçe diňleseň hem, ondan ganma ýok. Ol hiç wagt öz diňleýjisini irizmeýär, gaýtam, diňlän her bir adamyň kalbyna rahatlyk duýgusyny bagyş edýär. Bu aýdym eneleriň öz eziz perzentlerine bolan mähir-söýgüsine eýlenip, süýji arzuw-umytlara ýugrulyp, ýürekleriň töründen joşup çykýan, kalplara mähir çaýýan, göwünlere ganat bekledýän mukaddes ene hüwdüsidir.
Türkmen perzendi dünýä inip, mährem enesiniň gujagyna dolan gününden başlap ene ýüreginiň owazy hasaplanýan hüwdi bilen gurşalýar. Enelerimiz öz mylaýym sesi bilen çagalaryny hüwdüläpdirler, ezizläpdirler. Ene ýüreginiň aýdymy bolan hüwdüler gadymy döwürde döräp, taryhyň ýaňyny biziň günlerimize ýetiren genji-hazyna hasaplanýar. Sebäbi olar ýöne bir goşgy bentleri bolman, eýsem, dörän döwrüniň ýagdaýyny, halkyň ruhy ahwalyny, ýaşaýyş-durmuşyny açyp görkezýän taryhy hakyda diýsek, ýalňyş bolmasa gerek.
Halkyň arasynda «Ene terbiýesi hüwdüden başlanýar» diýen aýtgy bar. Eger sallançakdaky çaga ogul perzent bolsa, geljekde onuň batyr, gaýratly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli bolmagyny isläpdirler.

Ballymyň gara gözi,
Şirinden şeker sözi.
Watanyn goramaga
Elmydam taýýar özi.
Gyz perzent hüwdülenende onuň edep-terbiýeli, çeper elli, şirin sözli, adamkärçilikli, hünärli bolmagy arzuw edilipdir.
Gyzym haly dokasyn,
Ulalansoň okasyn.
Köýnek tiksin ejesine,
Bejeripjik ýakasyn.

Adamyň il-güne, halkyna mynasyp ynsan — kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde hüwdüleriň mynasyp ornunyň bardygyny belläp geçmek zerurdyr. Sebäbi sallançakda üwrelip, mährem enelerimiziň mukaddes aýdymyny — hüwdüsini diňlemedik ynsan, megerem, ýok bolsa gerek. Türkmen perzendiniň dünýä inip, mukaddes azan sesinden soň, gulagy ganýan ilkinji owazy — ene hüwdüsi.
Ene mukaddesligi, enäniň perzende bolan söýgüsi dogrusynda gürrüň edilende, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna peşgeş beren «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda getirilen rowaýatlar, ene hakynda aýdylan pähim-paýhasly sözler ýadyňa düşýär. Mährem enelerimize bagyşlanan, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma hasaplanýan bu kitapda perzent we ene mukaddesligine degişli bir ajaýyp rowaýat getirilýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä, dünýä inmeli çaga Ýaradana sowal berýär. Allatagala sowal beren çaga indi takdyrynyň ýerdedigini aýdýar. Bu ýagdaýy eşiden çagajyk juda gynanýar. Şonda Taňry çagajyga şeýle diýýär:
— Seniň üçin ýaradan perişdäm örän şirin owaz bilen hiňlener, saňa guwanyp, mähirli ýylgyrar. Sen onuň söýgüsinden bagtly bolarsyň.
Rowaýatda getirilýän ýerdäki perişde — dünýäniň dowamatyna deňelýän ene, olaryň şirin owaz bilen hiňlenmegi bolsa — ene ýüreginiň owazy bolan hüwdüdir. Bu kitabyň «Ene — döwletlilik» atly bölüminde halk döredijiliginiň şahyrana görnüşi bolan ene hüwdüsi, onuň çaga terbiýesindäki ähmiýeti hakynda şeýle belleýär: «… Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir». Sebäbi onda ýürek arzuwlary ýaşaýar. Ýüregiňi goýup döredilen sungat eseri bolsa, nusgalyk esere öwrülýär. Häzir maňa ejem janyň: «Janyň sagmydyr?» diýen sözleri hem şol şirin hüwdi ýaly tükeniksiz mähribanlyk bolup eşidilýär. Ýaňy dünýä inen çaga sallançakda ýatyrka, oňa rahatlyk berýän şol mähirli ses ene hüwdüsidir. Her bir ynsan öz ene dilindäki ilkinji sözi hüwdiniň üsti bilen eşidýär».
Enäniň mähir-söýgüsi serhetsiz dünýädir. Şol çäksiz dünýä bolsa mukaddes owazda — hüwdülerde öz beýanyny tapýar.

Автор записи: admin