Bir wagtlar bu gadymy topragyň üstünde adam barynyň ömür tanapyny kesen ýowuz jeň bolupdyr. Döwşüp-döwşüp, halys surnugan agyr goşun ahyry yza çekilipdir. Şol jeňde ölüm ýarasy düşen garyp ýigit barha asgynlap, gitdigiçe ýeňse beripdir. Dogumly ýigidiň elden gidip barýanyny aňan han tebipleri ýanyna çagyryp:
— Bu ýigit ilimiziň mert ýigitleriniň biri. Onuň ýarasy agyr. Ýigidiň derdini dep etmegiň bir alajyny ediň! — diýýär. Tebipler jem bolup, ýigidiň ýarasyna em edýärler, emma barha haldan düşüp barýan ýigidiň derdine derman tapylmaýar. Ýigidi elden berip barýan tebipler bu ýagdaýy hana habar berýärler. Han agyr dem alyp:
— Ýigidiň hossary barmy? — diýip, aksakgallara ýüzlenýär.
— Ýalňyz naçar enesi bar — diýip jogap berýärler.
— Derhal habar ediň! Soňky ýola didarlaşsyn! — diýip, han buýruk berýär.
Bu ajy habary eşidip, bozlap gelýän ene özüni ýalňyz perzendiniň üstüne oklaýar. Ony bagryna basyp, ýüzüni, saçlaryny sypalap, gan aglaýar. Şol mahal hem bir gudrat bilen, onuň beýik yhlasyndan, enelik mährinden göwsüne süýt inýär. Bu halatyň ýöne ýere däldigine düşünen ene süýdi bilen perzendiniň ýarasyny ýuwýar. Ýuwaş-ýuwaşdan ýigidiň ýüzüne gan ýöräp, gözlerini açýar. Ýowa ýan bermedik ärler şol gün bu beýik gudratyň öňünde dyza çökýärler. Şondan bäri hem biziň illerimizde «Dünýäde ene süýdünden beýik gudrat ýokdur» diýen hikmet döräpdir.