Ene mähriniň gudraty

Şemşat bilen Yhlasyň durmuş guranlaryna ýedi-sekiz ýyl geçenem bolsa, olaryň perzende ýüzleri düşüberenokdy. Ilki-ilkiler-ä birek-biregiň ýanynda bu babatda gürrüň gozgamazdylar. Soňabaka Yhlas geplemezligi çykardy. Şemşat bu ýagdaýyň perzentsizlik dagy üçindigini bilse-de, olam gijelerini sessiz aglap geçirýärdi. Aý-gün geçip barýardy, arzuwlanylýan «altyn aşyk» welin ýokdy. Adam pahyr ýarym göwün bolsa, ynanjaň bolar eken. Şemşat her gezek «Indi tebibiň gapysyndan barman» diýip gaýtsa-da, aradan wagt geçensoň, ýene ýola düşerdi. Özem bu zatlary Yhlasdan gizlärdi. Emma hiç ýerden delalat ýokdy.
Bir gezegem Yhlas işe gidendir diýen pikir bilen tijenip ýören Şemşat:
— Ýeri, gelinbaý, sen nirä şaýlanýaň?— diýen sese tisginip gitdi. Şemşat birbada näme diýjegini bilmän:
— Gunçalara gidip geläýjekdim. Indi üç-dört aýdyr göremogam, arada keselläpdir diýip eşidipdim — diýdi.
— Olar ýaly bolsa, maşynlyja ýüzugra eltip geçäýeris, gelinbaý!
Şemşat aljyrady.
— Sowgat beýlekem alaýjakdym-da, sen howlukmaçsyň, gidiber!
— Bar bahanaň sowgat bolsa, ýolda dükana sowlaýmaly bolar. Süýji-köke alsaň bor-da.
Şemşada ylalaşmakdan başga alaç galmady. Ýolda Yhlas bir zatlar aýtjak bolýardy. Onuň näme diýjegini Şemşadam çaklaýardy. Ýöne tizräk hiç zat diýmänkä Gunçalara barsadym diýip howlugýardy. Ahyry Yhlas «Ýaryljak çyban ýarylyp dynsa ýagşy» diýlenini etdi:
— Şemşat! Indi tebibe, bilgije gatnamaňy goý! Şu günden şeýläk tebip-bilgiç diýip, öýden çykma! Bagtymyzda bolsa biziňem perzende ýüzümiz düşer. Ynha, menem zähmet rugsadyna çykýan, onsoň bile Aşgabada gidip barlanarys. Eger şonda-da bolmasa, çagalar öýünden çaga alaýarys.
Şodur-da-şodur, Şemşat tebipdir bilgijiň gapysyndanam barmady. Yhlasyň diýenindenem çykmady. Lukmana gideli diýse, lukmana gitdi, şypahana gideli diýse, şypahana gitdi. Barmadyk lukmany, barmadyk şypahanasy galmady. Haýsy ýere barsa-da, şol bir söz gaýtalanýar. «Enede-de, atada-da kemçilik ýok. Allatagala berse, bolar» diýip yzyna gaýtarýarlar.
Günler yzly-yzyna geçip durdy. Şemşat çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýärdi. Şol barmana-da bir gün onuň toparyna täze çagajyk geldi. Ol çagajyk beýleki çagalara hiç meňzänokdy. Onuň akýagyz ýüzi, buýralanyp duran saçlary, gözlerini tegeläp oturşy, edýän hereketleri, onuň ejesiniň yzyndan «Ejeme gideýin, kakama gideýin» diýip özelenişi Şemşada has-da täsir etdi. Ol çagajygy köşeşdirjek bolup, bagryna basdy. Şol wagt ol birhili üýtgeşik duýgulary başdan geçirdi. Çagajykdan gözlerini aýryp bilmän, ençeme wagt oý-pikirlere çümüp oturdy. Onuň gamgyn oturanyny gören kömekçisi Aýsoltan gelnejäniňem Şemşady görüp, ýüregi awady:
— Şemşat! Hiç gamlanma! Alla jan berse, seniňem bäbejigiň bolar. Sen çagalara ýüregiň bilen mähir berseň, yhlas etseň, hökman bolar. Elmydama sabyrly bol! «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýipdirler. Ýogsa-da, çagalar öýünden bir çagajyk alaýyň!
Bu sözlerden soň Şemşadyň işde-de, işden öýe gelýänçä-de kellesinde şol pikir at salýardy. Agşam Yhlas gelse, oňa-da bu pikiri aýdyp görmek üçin garaşyp otyrdy. Agşam bu pikiri Yhlas oňlansoň, onuň ene-atasy Myrat agadyr Ýazgül daýza-da aýdanlarynda, olaram goldadylar.
Şeýdibem, bu agzybir maşgalanyň arzuwy bolan posalajyk bäbejigi getirdiler.
— Bu çagajyga biz uzak wagtlap garaşdyk. Indi öýümizde çaga sesi ýaňlanar. Onuň ady Arzuw bolsun! — diýip, Yhlasyň kakasy Myrat aga oturanlara ýüzlendi.
— «Çagaly öý — bazar» diýipdirler. Biziň öýümize-de arzuwly bazar gelen bolsun! — diýip, gaýynenesi Ýazgül daýza-da Myrat aganyň sözüne goşuldy. Maşgala agzalarynyň ählisiniň ýüzlerinde şatlyk alamatlary duýulýardy.
Posalajyk bäbejigi gujagyna alyp oturan Şemşadyň ýüreginde şeýle bir enelik mähri joş urdy welin, mundan tutuş endamy lerzana gelen ýaly boldy. Şemşat özünde dörän bu enelik mähri bilen çagajygy söýgüläp-sypap ýörşüne, aradan iki-üç aý geçdi. Şol arada ol özünde öň hiç wagt bolmadyk bir üýtgeşikligi duýdy. Ýüreginde oýanan enelik mähriniň gudraty bilen dörän bu üýtgeşikligiň nämedigini aňşyranynda ýüregi şatlykdan dolup, gözlerinden paýyrdap gaýdan begenç gözýaşlary ýüzüni ýuwdy. «Maňa-da hakyky enelik bagty miýesser etjek eken. Bereniňe şükür, Alla jan!» diýip, içini gepledýän Şemşady gören Yhlas:
— A-how, gelinbaý, näme boldy? Gözleriňde ýaş, ýöne ýüzüňde şatlyk?
— Näme bolanyny aýdaýynmy? — diýip, Şemşat ýerinden turdy-da, baryp Yhlasyň gulagyna çawuş çakdy:
— Men toýly!
— Çynyňmy, Şemşat?! — diýip, begençli seslenen Yhlasyň gözlerinde bagtyýarlyk nury uçganaklaýardy.

Автор записи: admin