Türkmen maşgalasynda gyzyň el işine ökde bolmagy onuň at-abraýyny bir basgançak ýokary galdyrýar. Gyzlar örän zähmetsöýer, işe ezber, çeper elli bolup ýetişipdirler. Olar durmuşa çykyp baran ýerlerinde maşgalanyň daýanjy bolupdyr, hojalygy dolandyrmaga uly goşant goşupdyrlar.
Türkmen gelin-gyzlarynyň el işleriniň esasylarynyň biri hem elbukjadyr. Olar elbukjany özlerine mahsus serişdelerini goýmak üçin ulanýarlar. Ene-mamalarymyz mahmal, begres, elwan, alaça, keteni ýaly dürli matalardan we owadan parçalardan elbukja taýýarlapdyrlar. Elbukjany gyz-gelinler geýen egin-eşiginden galan gyýkyndy matalary zaýa etmän, gurama görnüşinde taýýarlapdyrlar. Her dürli matalaryň gykyndylaryny rejeläp, haýsy hem bolsa bir nagşa meňzedýärler. Elbukjanyň nagyşlary «älem», «güneş», «durnahatar», «tärimgözenek», «tegbent», «ýyldyz» ýaly atlandyrylypdyr.
Ýaş gyzlaryň işine ykjam, eli çeper, zähmetsöýer, päkize bolmagynda elbukjanyň täsiri uludyr. Edep-ekramly şeýle gyzlar ýaşlygyndan başlap zähmet bilen bişişýärler, el işlerine çeper bolýarlar. Ene-mamalarymyz gyzlarynyň tikýän işleriniň nepis, päkize bolmagyny ündäpdirler. Gyzlar ümä çagyrylsa elbukjaly barypdyrlar. Durmuşa çykýan gyzyň el işlerine kömekleşmek üçin iňňe, ýüwse ýaly gerekli zatlary hem elbukjalarda saklanýar.
Bagtyýarlyk döwründe milli tikinçilik we keşdeçilik ýörelgeleriniň hem giňden dowam etdirilýändigini görmek bolýar. Ene-mamalarymyz «Elbukjam — hünär bukjam» diýipdirler. Milli mirasymyzyň döwrebap many-mazmuny bilen utgaşýan elbukjalar türkmen gelin-gyzlarynyň hünär hazynasydyr.