El işleriniň sergisi

Gözelligiň, nepisligiň nusgasy hasaplanýan el işleri hemişe-de haýran galdyrýan gaýtalanmajak sungatdyr. Zenana mahsus bolan eli çeperlik halk arasynda arzylanýan, sarpalanýan edepleriň biridir.
Golaýda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi Türkmen oba hojalyk institutynyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde institutyň medeniýet merkezinde el işleriniň sergisini we aýdym-sazly söhbetdeşlik çäresini gurady. Toý ruhunda geçirilen bu çärede agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa, institutyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy Aýjeren Tagandurdyýewa, şol kafedranyň mugallymy Güljan Nazarowa, maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy Selbi Meredowa, institutyň 2-nji ýyl talyby Dünýä Ýazmedowa, 3-nji ýyl talyby Mährijemal Amanowa dagy el işleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti, kürtelere, tahýalara salynýan keşdeleriň aýratynlyklary, alajanyň görnüşleri, örüm işleri, ulanylýan sapaklaryň boýag aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň etdiler. El işleriniň sergisi bilen utgaşykly ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar gaýtalanmajak sungaty döredýän zenanlarymyzyň waspyna öwrüldi.

Автор записи: admin