Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz şäher guramasynyň guramagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Daşoguz şäher zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, talyp gyzlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda guralan cykyşlarda türkmen gelin-gyzlarynyň sungat eserine kybap gözellik döredýän nepis keşdelerine diňe ýurdumyzda däl, eýsem dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma bilen aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli keşdelerimiz üstünden näçe wagt geçse-de öz durkuny ýitirmeýär. Muňa Türkmenistanyň Prezidentiniň käbesi Ogulabat ejäniň öz baldyzy üçin işläp bejeren, üstünden ýarym asyr geçse-de öz öwüşginini, durkuny ýitirmedik ajaýyp kürtesiniň we ören jorabynyň aýdyň mysal bolup durýandygy çykyşlarda buýsanç bilen bellendi.
Milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary dünýä ýaýmak babatda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Geçen ýylda «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariatyna berilmegi we bu babatda şu ýylda degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýandygy hem aýdylanlara anyk subutnamadyr.
Maslahatyň dowamy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň «Oguzabat» folklor tans topary läleleriň sazlaşygynda gelin-gyzlaryň «ümä» üýşen pursadyny sahnalaşdyrdylar. Bu bolsa dabara gatnaşyjylarda özboluşly ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde zenanlaryň el işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.