Ekologiýa meselesi — döwrüň wajyp wezipesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzy mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmäge, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, hususyýetçiligi höweslendirmäge, maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmaga, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uzak möhletleýin, pudaklaýyn hem sebitleýin maksatnamalar amala aşyrylýar. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna, ekologiýa meselelerine we kadalaryna aýratyn üns berilýär. «Ýaşyl ykdysadyýeti» döretmek we ösdürmek meselesine täzeçe çemeleşmeler häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.
Ekologiýa wezipeleriniň ykdysady we durmuş meseleleriniň çözgütleri bilen çuňňur arabaglanyşykly alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin aýap saklamak, ekologiýa abadançylygyny gazanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen berk baglanyşykly bu meseleler ýurdumyzyň ilatynyň sagdyn we tebigat bilen sazlaşykda, ekologiýa taýdan arassa gurşawda ýaşamagyny üpjün edýär, ol öňdebaryjy tejribelere, täzeçil tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere daýanýar.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini «ýaşyl ykdysadyýetiň» şertlerine laýyklykda alyp barmak bilen, Durnukly ösüş strategiýasynda ileri tutulýan ugur bolan uglewodorod serişdelerini, ilkinji nobatda-da, tebigy gazy diňe bir ýangyç hökmünde däl, eýsem ony wajyp, ekologiýa taýdan arassa çig mal hökmünde ulanmak ýörelgesini öňe sürýär.
Ýurdumyzyň energetika ulgamyna degişli bolan elektrik stansiýalary beýleki uglewodorod serişdeleri bilen deňeşdirilende daşky gurşawa az zyýan ýetirýän tebigy gaz esasynda işledilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda elektrik stansiýalarynyň 6-sy guruldy. Energetika pudagynyň täze düzümi bolan bu desgalaryň çäginde ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi ýurdumyzda «ýaşyl ykdysadyýeti» ornaşdyrmagyň nobatdaky basgançagy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, tebigy gazyň himiýa we nebit himiýa pudaklarynyň wajyp çig malyna öwrülmegi ýurdumyzda ekologiýa ýörelgesiniň beýleki bir wajyp ugry bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan senagatda, şol sanda nebitgaz, elektroenergetika we himiýa pudaklarynda ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga üns berýär. Munuň netijesinde, ýurdumyzda tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemek we wajyp önümçilikleri döretmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda «ýaşyl ykdysadyýetiň» wajyp ýörelgeleriniň ýene bir ugry ilatly ýerlerimiziň gazlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan boýunça ýaşaýyş we durmuş maksatly jaýlaryň 99,9 göterimi doly gazlaşdyryldy.
Durnukly ösüş maksatlarynyň «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmäge gönüden-göni hyzmat edýän beýleki ugurlarynda hem utgaşykly işler ýola goýulýar. «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa», «Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnama», şeýle hem «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen, milli Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda 30 million düýp agaç nahallaryny oturtmak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda 35 müň gektar ýerde tokaýlar täzeden dikeldilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna hem-de Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, welaýatymyzyň demirgazygyndaky Sarygamyş kölüniň gündogar kenaryndan uzap gidýän 20 müň gektar meýdanda tokaý zolagy döredilip, bu sebitiň tebigy köpdürlüligini saklamak, ekologiýa medeniýetini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tokaý hojalyk işgärleriniň agzybirlikli zähmeti bilen, 17 müň gektardan gowrak meýdanda 8 million düýbe golaý sazak hem-de duzly gatlaga, şorlaşan topraga uýgunlaşan çöl ösümlikleri ekildi. Jemi tokaýlaşdyrylmaly meýdanyň galan böleginde bu sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän çöl ösümlikleri ekilip, dürli agaç nahallary oturdylýar. Sogaba baý şeýle işler bilen utgaşyklylykda, öňki ekilen ýerleri suwarmak, ösümliklere ideg etmek, olary zyýanly mör-möjeklerden hem-de dürli kesellerden goramak çäreleri hem alnyp barylýar.
Sarygamyş kölüniň sebitinde gorag-tokaý zolagyny döretmek babatda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan çäreleriň çäginde kämil durmuş-önümçilik infrastrukturasy bilen ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde ekilen, kadaly boý alan çöl ösümliklerini, ýaprakly agaçlary suwarmak meseleleri doly çözüldi.
Ýurdumyzda her ýylda 17-18 milliard kub metr arassa suw sarp edilýär. Şonuň 89 göterimi suwaryş, suwlulandyryş we oba hojalyk suw üpjünçiligi, 7,5 göterimden gowragy önümçilik we 3,5 göterime golaýy hojalyk-durmuş hajatlary üçin ulanylýar. Ýurdumyz boýunça gaýtadan we yzygiderli ulanylýan suwuň möçberi 380 million kub metrden gowrakdyr. Soňky ýyllar 9,5 müň kilometr uzynlykda suw geçirijiler, 1,8 müň kilometrlik lagym geçirijiler, 7 sany suw arassalaýjy desgalar we 10 sany kiçi göwrümli suw arassalaýjylar gurlup, ulanylmaga berildi. Ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerinde arassa suwuň esasy bölegi oba hojalyk maksatlarynda ulanylýar. Şonuň üçin suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda ýurdumyzyň oba hojalyk, hususan-da, ekerançylyk pudagynda ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär.

Автор записи: admin