Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky taýsyz tagallalaryň netijesinde, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerilip, her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallary ekilýär. Däbe öwrülen bu asylly ýörelge şanly toýlaryň, beýik taryhyň ýyl ýazgylary bilen baglanyşdyrylyp, täze röwüşde dowam etdirilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl paýtagtymyzda we welaýatlarda 25 million düýp bag nahaly oturdylan bolsa, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan toýlanan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hormatyna 30 million düýp nahal oturtmak göz öňünde tutuldy. Ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleriniň her ýyl uly toý ruhuna beslenip geçirilmegi bu işleriň giň gerime eýe bolmagyna ýardam edýär. Beýik ösüşlere we belent sepgitlere beslenýän bu ýylda ýazky bag ekmek möwsüminde miweli, saýaly, pürli baglaryň 15 milliondan gowrak düýbi ekildi.
Geçen hepdede geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa güýzki bag ekmek möwsüminde 15 million düýp bag nahallarynyň oturdyljakdygy barada aýdyldy. Bu bolsa ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň sanynyň artmagyna we ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine mümkinçilik berer. Bu gün çar tarapa saýa salýan baglar ýurdumyzy ýylyň ähli pasyllarynda ýaşyl öwüsýän bagtyýar, ajaýyp ülkä öwürýär.