Howasy jana melhem baý tebigatymyzyň gözelligi islendik pasylda-da özboluşly keşbe eýedir. Ýurdumyzda howanyň arassalygyny gorap saklamak, Ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek wezipelerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ugurda alyp barýan işleri bolsa dünýä nusgalykdyr.
Ýakynda Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda (COP26) Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary hem ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi babatdaky meseleleri öz içine alýar.
Ýurdumyzda her ýylyň ýaz hem-de güýz pasyllarynda ählihalk bag ekmek çäreleriniň asylly däbe öwrülmegi tokaý zolaklarynyň döredilmegi babatynda alnyp barylýan işlere oňyn täsirini ýetirýär. Indi birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän bu asylly ýörelgeler esasynda, ýurdumyzyň çar künjüni al-ýaşyl öwsüp oturan tokaý zolaklary bezeýär. Döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolan ekologiýa abadançylygyny goramak diňe tebigatymyz bilen bagly çärelerden däl, eýsem gurulýan zawod-fabrikleriň, dürli tehnikalaryň zyňyndylaryny azaltmak işlerini hem öz içine alýar. Soňky ýyllarda gurulýan iri senagat we önümçilik toplumlarynyň ekologiýa zyýansyz şertlerde işlemegini gazanmaga aýratyn üns berilýär. Bu babatda desgalaryň açylyş dabaralarynda iri halkara guramalar tarapyndan gowşurylýan güwänamalar bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine kepil geçýär.
Diňe bir ekologiýanyň arassalygy däl, öndürilýän önümleriň hem ýokary ekologik talaplara laýyk getirilmegi üns merkezinde durýar. Şunlukda, oba hojalyk önümlerine bolan bu talap aýratyn bellärliklidir. Soňky ýyllarda Türkmenistan döwletimiz oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän birnäçe iri kärhanalary özünde jemleýän kuwwatly ýurda öwrüldi. Bu ugurda hususy telekeçilerimiziň öndürýän önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberleri artdyryldy.
Ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine bolan isleg Ýer ýüzünde uly gyzyklanma eýedir. Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde ählumumy Gün tertibiniň bu meselesine Bitarap Türkmenistan aýratyn uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň Arala golaý ýerleşýändigini nazara alyp, gadymy Bötendagyň eteginde sazak tokaýlygyny döretmekde alnyp barylýan işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Döredilýän bu tokaý zolaklary sebitiň ekologiýa ýagdaýyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Bu işleriň häzirki döwürde-de giň gerimde dowam etdirilmegi diýseň guwandyryjydyr.