Oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl öndürmek ugrunda alnyp barylýan işlerde olary dürli görnüşli zyýankeşlerden goramagyň hem möhüm ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda bu babatdaky çärelere uly üns berilýär.
Häzirki wagtda etrap boýunça 16 sany biokärhana hereket edýär. Olaryň 2-si biofabrik, 14-si hem biolaboratoriýadyr. Bu kärhanalar gowaçany we beýleki ekinleri zyýan beriji mör-möjeklerden goramakda peýdalanylýan bioönümleri öndürmekde derwaýys işleri amala aşyrýarlar.
Bu ugurda etrabyň «Döwletli» daýhan birleşigindäki biolaboratoriýada işgärleriň ýadawsyz zähmeti bilen, şu mahala çenli trihogrammanyň 1250 gramy, gabrobrakonyň 1 million 200 müň, altyngözlüjäniň hem 550 müň sanysy öndürildi we ekin meýdanlaryna goýberildi.