Dänik — ýaňy ýygnalan bugdaýdan taýýarlanýan datly tagam bolup, ony taýýarlamak üçin bugdaýyň 1 kilogramyny arassalap ýuwmaly. Gazana 6-7 litr suw guýup, gaýnandan soň, oňa ýuwlan bugdaý dänelerini salyp, gerekli möçberde duz atmaly. Biraz salymdan ody pessaýladyp, gaýnatmagy dowam etdirmeli. Bugdaý çişip ýumşandan soň, süzüp alyp gaba guýmaly.
Tümmül — sümmüle duran bugdaý däneleriniň süýdi gatamanka, közüň üstünde eýläk-beýläk öwrüp bişirmeli. Gyzaran bugdaý dänelerini sowandan soň, eliň aýasynda owkalap, galan harpyklaryny aýyrmaly. Köze bişen şeýle bugdaý däneleri hoştap ys berýär.
Gowurga — ýetişen bugdaýdan biraz alyp, gyzgyn gapda yzygider bulap gowurmaly, bişmänkä üstüne künji hem goşulýar. Gowrulýan däneler bilen garyşan künjiniň hoştap ysy töwerege ýaýraýar. Nahardan soň çaý başynda gowurga iýmegiň lezzeti has-da başgaça bolýar.
Ýarma — harpykdan we beýleki galyndylardan sowrulyp arassalanyp, üwelen bugdaýdan ýarym kilogramyny elekde elemeli. Aýratyn gazanda böleklenen eti, sogany, käşiri ýagda gowurmaly. Gowrulandan soň, üstüne biraz suw guýup, gaýnandan soň, elekde elenen bugdaý ýarmasyny guýmaly. Pessaý otda gazany yzygider bulap durmaly.