Türkmen alabaýlary baradaky maglumatlar XI asyryň edebiýatlarynda-da ýatlanylýar. Arheologik tapyndylaryň has takyk maglumatlaryna görä, äpet alabaý itleriniň tapylan galyndylaryny Jeýtun medeniýetine degişli diýip hasaplaýarlar. Biziň eýýamymyzyň bürünç döwrüne degişli bolan Altyndepeden tapylan tapyndylar Türkmenistanyň çäginde häzirki alabaý itlerine meňzeş äpet itleriň ýetişdirilendiginden habar berýär. Şeýle-de häzirki Mary welaýatynyň golaýynda ýerleşýän Daňdanakan obasynyň golaýynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde türkmen alabaýynyň faýansdan edilen heýkeli tapyldy. Lebap welaýatyndaky Hoja-Idat galada, Hazarak depede, Araphana ýaly Amyderýanyň kenar ýakalaryndaky köne galalarda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde hem edil häzirki alabaý itlerini ýatladýan heýkelleriň birnäçesi ýüze çykaryldy. Şeýle tapyndylaryň ilkinjisi — 1982-nji ýylda Hazarak depäniň içki galasynyň çägi bolan pagta meýdanyndan tapylan itiň heýkeli örän täsindir. Ol heýkeliň şekili üýtgewsiz häzirki döwrüň abaý itlerine meňzeşdir. Amulyň çäginden tapylan şeýle tapyndylary alymlar biziň eýýamymyzdan öňki II — IV asyrlara degişli diýip hasaplaýarlar.
Türkmen alabaýlarynyň tohumy asyrlaryň dowamynda emeli we tebigy seçgiler esasynda kämilleşipdir. Çopanlar alabaý itleriniň doglan güjükleriniň kelleleri iň ulularyny we has işjeňlerini özlerine alyp galmak bilen, özboluşly seçgi edipdirler. Bu bolsa alabaýlaryň tohumlyk hilini saklap galmaga hem-de olaryň iň oňat häsiýetlerini ösdürmäge ýardam edipdir. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda alabaý itlerini köpeltmek üçin uly işler alnyp barylýar.
Türkmen alabaýy diňe bir güýçli we özbaşdak it bolmak bilen çäklenmän, eýsem, eýesine tükeniksiz wepalydyr hem-de oňa hemişe kömege gelmäge taýýardyr. Alabaýlar öz goraýan çägindäki mallara rahat çemeleşýärler, adamlara hüjüm etmeýärler, nätanyş adamlara hem seresaply bolýarlar. Olarda gijeki işjeňlik ösendir we bu olara gijelerine sürini hem-de adamlaryň emläklerini ygtybarly goramaga ýardam berýär. Olar hemişe sürini halas etmek üçin taýýar bolýarlar we dürli ýyrtyjylaryň garşysyna ýaýdanmazdan, janyny pida etmeli hem bolsa, söweşe çykýarlar. Türkmen alabaýlarynyň ýene-de bir häsiýeti, olar çagalar bilen oýnamagy söýýärler. Şeýle ajaýyp häsiýetli alabaýlary synlanyňda, türkmeniň wepadar, garadan gaýtmaz goragçy alabaýyna guwanýarsyň.
Näme üçin türkmen itini alabaý diýip atlandyrýarlar? Muny dürlüçe düşündirýärler. Köpler ony iki sözüň birikmesinden, ýagny endamy tegmilli diýlen manydaky «ala» we «baý» sözlerinden emele gelen diýip, onuň ady tegmile, ýagny ala baý diýip düşündirýärler. Bir tarapdan seretseň, bu hakykata ýakyn bolup görünýär. Sebäbi türkmenlerde arassa ak ýa-da gara itlere seýrek duş gelinýär. Alabaýlaryň köpüsiniň endamy ala tegmillidir.
Köp adamlar bolsa onuň adyny alabaý sözündäki «al» ýagny çil-gyzyl diýen manyny berýän söz bilen baglanyşdyrýarlar. Türkmenlerde «gyzyl» sözi başga manylarda hem ulanylýar. Mysal üçin, gowy adam bolsa oňa «Gyzyl ýaly adam», gyt zada bolsa «Gyzyl ýaly gyt» diýip aýdýarlar. Eger şu nukdaýnazardan düşünseň, onda türkmen alabaýynyň ady gyzyl ýaly, tapdyrgysyz diýen manyny berýär.
Türkmen alabaýlary adamsyz hem sürini nirä sürmelidigini, nirede bakmalydygyny, nirede otuň we suwuň köpdügini, haçan sürini toplamalydygyny, agşam sürini ýatyrmak üçin nirä ýygnamalydygyny bilýärler. Sürini möjeklerden, syrtlanlardan, gaplaňlardan, şeýle-de başga itlerden goramagy başarýarlar.
Ýüzýyllyklaryň dowamynda alabaý itleri adamlary we olaryň emläklerini goramakda özbaşdak karara gelip, hereket etmegi başarypdyrlar. Eger alabaý öz goramaly çäginde bolsa, onda olarda haýdan-haý goraýjylyk duýgusy peýda bolýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredilip, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda onuň merkezleri guruldy. Şeýle-de şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde dabaraly bellenilip geçildi.