«Watan» diýen keremli sözüň aňyrsynda uç-gyraksyz älem giňişligi ýaly, çuňňur many-mazmuna eýlenen mukaddes düşünje ýatyr. Bu ajaýyp jümle ynsan hakydasyndan öçürip bolmaýan, hemişe ýürek urgusy bilen deň gopýan belent duýgy-düşünjedir. 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda gazanylan Ýeňiş güni tutuş adamzadyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Beýleki halklar bilen bilelikde, türkmen halky hem şol uruş ýyllary Watan goragy üçin aýaga galypdy.
Faşist basybalyjylarynyň garşysyna alnyp barlan deň bolmadyk söweşlerde edermenlik görkezen türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi belent atlara, dürli derejeli orden-medallara mynasyp boldular. Olardan Aýdogdy Tahyrow, Annagylyç Ataýew, Toýly Taganow, Muhammet Ataýew, Orazberdi Hekimow, Saparmät Hojaýew ýaly başga-da birnäçe gahrymanlarymyz özlerini görlüp-eşidilmedik edermenlikleri bilen dünýä tanatdy. Şol gahrymanlaryň hatarynda mähriban Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem eline ýarag alyp, bu nägehan urşa gatnaşýar, ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşandyny goşýar. Ol duşmana garşy batyr we jan aýaman söweşmek bilen, gaýduwsyzlygyň we mertligiň belent nusgasyny görkezýär. Berdimuhamet Annaýewiň görkezen edermenligi biziň üçin watançylygyň, gaýduwsyzlygyň, wepalylygyň belent nusgasy bolup durýar.
Beýik Watançylyk urşy döwründe ynsanperwer enelerimiziň, uýalarymyzyň müňlerçesiniň altyn hem kümüş şaý-sepleriniň az bolmadyk möçberini fronta kömek hökmünde tabşyrandygy aýan hakykatdyr. Şaý-sepleriň jemi möçberi 7400 kilograma golaý bolupdyr. Olaryň tylda bitiren işleri gahrymançylygyň ajaýyp nusgasydyr.
Gazanylan bu Beýik Ýeňiş taryhy taýdan hem, nesilleri gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, ynsanperwerligiň mysalynda, watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda hem örän möhüm ähmiýete eýedir.
Biz ata-babalarymyzyň gahrymançylyk mekdebini dowam etdiriji hormatly Prezidentimiziň Watan goragçylaryna bildirýän ynamyna hemişe wepaly bolup, halkyň we Watanyň mukaddesligine durkumyz-düýrmegimiz bilen uýup, şol mukaddeslikleriň goragynda sarsmaz gala bolup durarys. Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun!