Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda diňe bir türkmeniň däl, tutuş Gündogaryň beýik akyldary we çeper sözüň taýsyz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toýuny halkara derejede bellemek hakyndaky kabul edilen Karar hem şeýle üns-aladanyň aýdyň güwäsidir. Nusgawy edebiýatymyzyň düýbüni tutan, edebi dilimizi esaslandyran şahyryň biserhet döredijilik ummany hertaraplaýyn öwrenilmäge, çuňňur özleşdirilmäge mynasypdyr.
Öz şygyrlarynda, aýdyşy ýaly, «jansyzlara jan, dertlere derman» bolan goşgularynda şahyr ýaşaýyş-durmuşymyzyň, geçmişimiziň hem geljegimiziň ähli taraplary barada durup geçýär. Şonuň üçin halk arasynda: «Magtymguly hemme zady aýdypdyr» diýilýär. Bu ynanç-ygtykat ylmyň, tehnologiýanyň ösen häzirki döwründe hem şeýledir.
Akyldar şahyryň eserlerinde gozgalmaýan tema, seljerilmeýän mesele ýok. Olaryň birini öňe çykaryp, beýlekisini yza süýşürer ýaly däl. Ýöne şolaryň arasynda edep, edeplilik, görüm-göreldä uýmak, ýagşylaryň yzyna eýermek ýaly meseleler aýratyn bir röwüşde şugla saçýar.
Edep hem edeplilik meseleleriniň has ir döwürlerden bäri adamzadyň üns beren, ösdürip kämilleşdiren ugurlarynyň biri bolandygyna jedel bolup bilmez. Ýöne bu meseläni Magtymguly ýaly edip aýdyp bilen, okanyň, diňläniň ünsüni çekip bilen başga bir şahyry agzamak kyn.