Daşoguzda toýlarda dessançy bagşylary aýtdyrmak ozaldan däp bolup gelýär. Daşoguz welaýaty “ Türkmen dessanlarynyň sallançagy ” diýlip, megerem ýöne ýere aýdylýan däl bolsa gerek. Sebäbi, bu toprak „Şabende, Andalyp ýaly dessançy şahyrlary , şeýle-de Pälwan bagşy, Palta bagşy, Ilaman bagşy , Nazar baga, Magtymguly Garly, Bally Mätgeldi , Tüýli Otuz, Akjagül Myradowa, Baýar Baýramow onuň şähirdi Mämet Meredow, Sapar Gyjakçy, Töre gyjakçy ýaly dessançy bagşylary , dünýä beren mukaddes toprak. Hemmämize mälim bolşy ýaly Daşoguz welaýaty aýdym-sazyň hak ussady Aşyk Aýdyň piriň ýaşan mekanydyr. Giň ýaýrawly toý aýdymlary «leýeran», «Haý öleň», ‘»Öleňler», «ýar-ýar» atlary bilen Tiirkmenistanyň köp ýerlerine bellidir, şonuň üçin onuň ýaýrawyny çäklendirjek bolmagyň hem hajaty ýokdur.Bu hem toý aýdymlarynyň özboluşly aýratynlyklarynyň biridir. 01 Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Köneýrgenç etrabynda-da aýdylypdyr-diýip «Tiirkmen däp-dessurlary» kitabynda bellenýär. Leýeran gelin-gyzlar tarapyndan aýdylýan toý aýdymlarydyr.Ol “ýar-yar” diýlip gaýtalanýan,”haý öleň “diýip gaýtalanýan ,”jorajan”diýip gaýtalanýan bentler bilen aralaşyp gelýän ’’leýeran” bentleridir
Şonuň ýaly-da, Daşoguzda «Dyz lälesi» atlandyrylýan şahyrana döredijilik giňden ýaýrapdyr. Gyzlar bu läläni ýerine ýetirenlerinde owazyň tizligine we sözleriň aýdylyşynyň bölünişine görä, dyzlaryny sähelçe epip goýberýärler. Munuň özi läläniň heňiniň has täsirli owaz bilen ýaňlanmagyna şert döredýär. Bu heňiň joşguny dessançy bagşynyň aýdymyndan gözbaş alýan ýaly. Läläniň bu görnüşini diňläniňde, ýaýlada erkana düýe sagyp ýören türkmen gyzynyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Mahlasy, türkmen şahyrana döredijiliginiň läleler görnüşi açylmadyk täsin syrlara diýseň baý. Läleleri öwrenijileriň maglumatlaryna görä, Diýarymyzyň ähli ýerlerinde läleleri ýaş gyzlar ýerine ýetiripdirler. Uly gyzlar ýa-da ýaş gelinler monjugatdy görnüşini uly höwes bilen ýerine ýetiripdirler. Munuň esasy sebäbi monjugatdynyň mazmuny söýgüli ýar, pynhan yşgyň näzik duýgulary bilen baglydyr.