Dynç alyş möwsüminde raýatlarymyzyň howpsuz hem bökdençsiz dynç alşyny guramak, keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmek, dynç alýan raýatlar barada degişli maglumatlary jemlemek wezipesini amala aşyrmak maksady bilen, dynç alyş möwsüminiň dowam edýän döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dolandyryş merkezi döredildi we onuň wezipeleri, ygtyýarlyklary kesgitlenildi. Dolandyryş merkezi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda hereket edýär. Şeýle hem şu döwürde dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde şahamçalary döredildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşa gitmegi meýilleşdirýän her bir raýat syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişliligi boýunça ministrlikleriň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýerli edaralaryndan degişli myhmanhananyň ady, salgysy bellik edilen (bron edilen) ýollanmalary alýarlar.
Raýatlara dynç alşa gitmezinden 10 gün öň ýollanmalary alanlaryndan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym edilýär.
Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary üçin COVID-19-a garşy sanjym Daşoguz şäheriniň 2-nji saglyk öýünde we Köneürgenç etrap hassahanasynyň keselleri anyklaýyş we maslahat beriş bölüminde amala aşyrylýar.
Şeýle hem dynç almaga gidýän raýatlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekillerine dynç alşa gidýän senesi barada bellik etdirýärler we şol ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna girmek çäklendirilýän döwür üçin rugsatnama alýarlar.
Dynç alşa gitmäge isleg bildirýän, 18 ýaşdan uly raýatlardan COVID-19-a garşy sanjym edilendigini, lukmançylyk gözegçiliginden we soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19-yň test barlagyndan, 18 ýaşa çenli raýatlardan bolsa soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19-yň test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama talap edilýär.
Hormatly ildeşler! Tomusky dynç alyş möwsüminde dynç almak bilen bagly meseleler boýunça Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň 2-53-53, 2-56-17 telefon belgilerine jaň edip, maslahat sorap bilersiňiz.
Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirligi.