«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda etrabyň çäginde ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, raýatlaryň agyz-burun örtüklerini dakynmagy, bellenilen aralygy saklamagy babatda ýaşaýjylaryň arasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş işgärleriniň hem-de polisiýanyň ýerli wekilleriniň gatnaşmagynda düşündiriş işleri geçirilýär.
Lukmanlar geçirilýän düşündiriş işlerinde güýz-gyş aýlarynda sowuklamadan we ýiti respirator kesellerden goranmak üçin adam bedenine ýaramly hem-de immun ulgamyny ýokarlandyrmakda haýry köp bolan ter gök-bakja önümleriniň gündelik iýmitimizde bolmagyny ündeýärler. Halkymyz hakda edýän bimöçber aladalary üçin, wagyz-nesihat duşuşyklaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar.