DURMUŞ MEKDEBINE ILKINJI ÄDIM

Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki döwrebap ak mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Mekdep durmuşy bilen hoşlaşyp, durmuş mekdebine sary ynamly gadam basýan ýaşlary, olaryň ýüzlerindäki ýylgyryşy, gözlerindäki şatlygy synlanyňda, bagtdan püre-pür kalbyna nazar aýlan ýaly bolýarsyň. Olar, hakykatdan hem, berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary. Gözel Diýarymyzyň geljegi, aýdyň ertiri hasaplanýan bagtyýar ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli döwlet syýasatyny goldap, halkymyzy, ata Watanymyzy ösüşiň belent sepgitleri bilen öňe sary alyp barýan döwletli ýoluna eýerýärler.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň netijesinde, bagtyýar ýaş nesillerimiz dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän mekdeplerde bilim alýarlar. Olara berilýän bilim-terbiýäniň, başlangyç sowatlylygyň hil derejesi has ýokarlandyrylýar. Kämil sanly tehnologiýalaryň, kompýuter tilsimatlarynyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagynyň netijesinde, häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň täze gazananlaryndan habarly täze ýaş nesiller kemala gelýär. Okuwçylara berilýän bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we dersleriň okadylyşynyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen bilim özgertmeleri bu günki gün özüniň oňat netijelerini berýär. Halkara tejribesiniň milli ýörelgelerimiz bilen özara sazlaşygyndan emele gelen bilim syýasaty Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe zähmete höwesli, jemgyýetçilik başlangyçlaryna öz mynasyp goşandyny goşmaga taýýar, dörediji, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlaryň kemala gelmegine şert döredýär. Olar bolsa «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýýän hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillerimize bildirýän uly ynamyna mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar.
Ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmagy, öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, kämilleşmekleri, sagdyn durmuş ýörelgesine dowamly eýerip, ýurdumyzyň sport abraýyny arşa galdyrmaklary üçin döredilýän ähli mümkinçilikler hem milli Liderimiziň şol belent ynamyndan gözbaş alýar. Şeýle hem olaryň ylym bilen meşgullanmaklary, hünär öwrenmekleri, belli bir käriň eýesi bolmaklary üçin hem ilkinji binýat kämil bilim syýasatynyň oýlanyşykly guralmagy bilen tutulýar. Ýaşlaryň şeýle ägirt uly mümkinçiliklerden peýdalanyp gazanýan üstünlikleri halkymyzyň guwanjyna öwrülýär.
Buýsançly ýaşlarymyzyň öz bilim-başarnyklaryna daýanyp, geljekde saýlap alan hünärleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklary hakyndaky sözlerini diňläniňde, olaryň nurana ertirlere bolan uly ynamlaryny duýmak bolýar.
Döwrümiziň mynasyp ogul-gyzlarynyň — bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, berk bedenli ýaş nesillerimiziň durmuşyndaky bu ýatdan çykmajak ajaýyp pursatda olara ak ýol arzuw edýäris.

Автор записи: admin