DÜNÝÄ NUSGALYK BEÝIK IŞLER

Halklaryň dostlaşmagynda, doganlaşmagynda parahatçylygyň orny örän uludyr. Birek-birek bilen jebislikde hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde bolsa ynanyşmak ýörelgesi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu gün älem içre bu iki ýörelgäni nusga edinen Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, halklaryň bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlary öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň milli ýörelgesiniň älem içre ykrarnama eýedigini subut etdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň esasy maksady hem parahatçylygy, ynanyşmagy, birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreler, iri taslamalar, dürli ugurlarda gatnaşyklar ulgamynyň kämilleşdirilmegi şu ýörelgelerden ugur alýar. Dünýä ýüzünde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýän ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösdürilmegi üçin ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Ajaýyp ýylymyzyň 29-njy oktýabrynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegini bu beýik işleriň hatarynda görkezmek bolar. Taryhy waka öwrülen Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyrynyň işe girizilmegi, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzdan ulag-üstaşyr ýüklerini gündogarda goňşy Özbegistana we günbatarda Halkara deňiz portunyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna çykarmaga mümkinçilik berer. Bu ägirt uly taslamanyň türkmen telekeçileri tarapyndan amala aşyrylmagy diýseň guwandyryjydyr. Halkara ýük daşamalarynyň we ulag-üstaşyr mümkinçilikleriň giňeldilmegine ýardam etjek döwrebap awtoban Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrar.

Türkmenistan döwletimiziň ulag ulgamyndaky durmuşa geçirýän deňsiz-taýsyz işlerini ýurdumyzdan doganlyk ýurtlara uzaýan polat ýollaryň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Goňşy Owganystana ýurdumyzyň gündogaryndan Ymamnazar — Akina — Andhoý ugry boýunça gurlan demir ýol, Eýran — Türkmenistan — Gazagystan demirgazyk ulag geçelgesi ýurdumyzyň iri möçberli taslamalarynyň naýbaşylarydyr. Ulaglaryň howpsuz üstaşyr geçirilmegini esasy üns merkezinde saklaýan Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda geljek ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu öňe sürlen başlangyç häzirki döwürde ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolan ulag-üstaşyr gatnawlarynyň kadalaşdyrylmagyna we howpsuzlygyna gönükdirilendir. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan bu beýik başlangyçlar halklaryň ýakynlaşmagynda we jebisligini berkitmekde möhüm ädimleriň birine öwrüler.

Автор записи: admin