Dünýä çykýar bu gün türkmen dokmasy

Dokma senagaty Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda kämil derejede ösýän ykdysady pudaklaryň biridir. Gysga wagtyň dowamynda dünýäde uly isleg bildirilýän türkmen dokmasy bu gün halklaryň ünsüni özünde egleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda 80-den gowrak iri dokma kärhanalary hereket edýär. Olarda nah we garyşyk ýüplük taýýarlanylyp, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan tüýjümek, jins we örme matalar, köp görnüşli taýýar eginbaşlar we el halylary öndürilýär. Bu babatda alnanda, ilkinji nobatda, ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen iri dokma kärhanalarynyň ähmiýetini aýratyn nygtamalydyrys.
Ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda açylan döwrebap dokma toplumy pudagyň täze derejelere göterilmegine ýardam eder. Bu döwrebap toplumyň ýyllyk kuwwaty 3300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matalary boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge barabardyr. Toplumyň umumy meýdany 20 gektara deň bolup, ilaty 1150 sany täze iş orunlary bilen üpjün edýär. 2018-nji ýylyň maý aýynda gurluşygyna badalga berlen bu iri dokma toplumyny türkmen telekeçileriniň bina edendigini aýratyn bellemek gerek. Umumy bahasy 151 million 800 müň amerikan dollaryna barabar bolan dokma toplumynyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär. Bu dokma toplumynda Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylandyr. Dokma toplumynyň hil görkezijileri boýunça halkara talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan degişli güwänamalaryň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrülen Babadaýhan dokma toplumynyň açylyş dabarasy halkymyz üçin hakyky baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Dokma senagaty, bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän we ýokary girdejili pudaklarynyň biri bolup durýar. Babadaýhan dokma toplumynyň açylmagy bilen, pudagyň mümkinçilikleriniň giňelmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi alnyp barylýan beýik işleriň dünýä içre şöhratlanmagyna getirýär. Toplumyň işgärleriniň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa diýseň guwandyryjydyr.
Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny äleme buşlaýan ägirt uly taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen telekeçileriniň hyzmaty  uludyr. Dürli önümçilik we beýleki iri taslamalary amala aşyrmakda dünýä derejeli tejribä eýe bolýan telekeçilerimiziň ýerine ýetirýän işleri döwrüň buýsanjyna mynasypdyr. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitiniň barha ýakynlaşýan häzirki günlerinde şeýle iri taslamalaryň gurluşyklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi toýlary toýlara ulaşýan ata Watanymyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny äleme buşlaýar.

Автор записи: admin