Dümew we oňa garşy göreş çäreleri

Dümew dünýäde iň bir ýaýran keselleriň biri bolup, ol köplenç howanyň çalyşýan döwürlerinde — güýzde, gyşda we ir baharda ýüze çykýar. Muňa bu döwürde adamyň bedeniniň gowşamagy, pyýada az ýörelmegi, sowuk howadan dem almagyň ýygylaşmagy, howanyň öwzaýyna seredilmän ýeňil geýnilmegi zerarly käbir agzalaryň sowuklamagy sebäp bolýar. Asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy dümewlemäniň ilkinji alamatlarydyr. Näsagyň kellesi agyrýar, gözi ýaşarýar, endam-jany owum-döwüm bolup üşedýär, işdäsi kemelýär. Şeýle alamatlar ýüze çykanda hökmany ýagdaýda maşgala lukmanyny öýe çagyrmaly we onuň maslahatlaryny doly berjaý etmeli. Dümew näsaglygyň ilkinji günlerinden başlap, asgyrylanda, üsgürilende, gürleşilende tüýkülik arkaly sag adamlara geçip bilýär. Hiç haçan keseli aýak üstünde geçirmek bolmaýar. Näsag bedeniniň gyzgyny kadalaşýança düşekde ýatmaly. Eger şu talap berjaý edilmese, onuň dürli gaýraüzülmelere, garaşylmadyk täze howply dertlere duçar bolmagy mümkin.
Bimara her iki sagatdan ýarty düýp sogany ýa-da 1-2 diş sarymsagy ownuk dograp, suwy gaçan bir bölek çörek bilen iýmek maslahat berilýär.
Näsaga limonly, bally çaý, gyzgyn süýt, itburundan, çopantelpekden taýýarlanan suwuklygy köpräk bermeli. Burçly unaş içirmeli.
Näsagyň bolýan otagynda wiruslary, mikroblary ýok etmek üçin üzärlik tütetmeli.
Eger näsagyň burny dykylýan bolsa, sogan ýa-da sarymsak şiresi bilen ösümlik ýagyny goşup, burnuna damdyrylsa nepi deger.
Bir düýp sogany gyrgyçdan geçirip, üstüne ýarym litr gyzgyn süýt guýup, ýyly ýerde basyryp goýmaly. Agşam ýatyljak wagty onuň ýarysyny, irden hem ýarysyny içmeli.
Gijesine aýagyň aşagyna bal çalyp, sellofan halta dolap üstünden ýyly jorap geýip ýatmaly. Bir-iki gün şeýdilse, dümew basym geçip gider.
Dümewiň öňüni almakda arassaçylygyň, bedenterbiýäniň, sportuň ähmiýeti uludyr. Ertirki maşklar, ylgaw, pyýada ýöremek, welosipedli gezelenç etmek ýokanç kesellerden goranmak we bedeniň kesellere garşy durujylygyny taplamak üçin peýdalydyr. Çünki olar bedeni berkidýär.
Bedeniň sagdyn bolmagy, kesellere garşy durup bilijiligini artdyrmak üçin witaminlere baý bolan gök önümleri, ir-iýmişleri, gök we bakja, süýt we süýt önümlerini köp mukdarda iýmeli. Kadaly iýmitlenmek adama güýç-kuwwat, saglyk berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär.

Автор записи: admin