Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegini ýaşlar tutup, olar ýurdumyzyň ykdysady, syýasy ösüşine, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýaşlaryň zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýete zerur hünärleri özleşdirmäge bolan ruhy we maddy islegleri höweslendirilýär. Ýaşlary halkymyz tarapyndan döredilýän milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, kämil tehnikalardan, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek babatda taýsyz aladalar edilýär.
Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan etmekde ugur görkeziji bolup hyzmat edýär. Bu maksatnamada ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, döwlet, jemgyýetçilik bähbitlerini, hukuklarynydyr azatlyklaryny utgaşdyrmak, jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak hem-de höweslendirmek, ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlary wagyz etmek, olarda raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak, olary kanagatlandyrmak ýaly döwletimiz, jemgyýetçilik üçin örän möhüm wezipeleri çözmek göz öňünde tutulýar.
Ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek ajaýyp döwrümiziň özboluşly aýratynlygydyr. Adamlaryň özara hoşniýetli aragatnaşygyny we jemgyýete peýdaly işlere işjeň gatnaşmagyny gazanmak, ýaşlarda asylly häsiýetleri kemala getirmek milli terbiýäniň möhüm kadalary we ýörelgeleridir. Hut şonuň üçin hem berkarar döwletimizde taryhy we ruhy-medeni gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan, ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşmagy özüne belent borç hasaplaýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir.