DÖWRÜMIZIŇ WASPÇYLARY SYLAGLANYLDY

Golaýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan eden «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy. Bäsleşige onuň düzgünnamasyna laýyklykda ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar, ýaş žurnalistler, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary gatnaşdylar.
Döwrümiziň ýaş waspçylary hökmünde kesgitlenen ýeňijileriň hatarynda Daşoguz welaýatynyň «Daşoguz habarlary» gazetiniň öz habarçysy Döwletnazar Işangulyýew, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň maliýe we ykdysadyýet bölüminiň býujeti jemleýji bölümçesiniň esasy hünärmeni Jumamyrat Gutlyýew dagy hem bar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Автор записи: admin