Döwrümiziň buýsanjyna öwrülen bilim ojaklary

Häzirki wagtda Türkmenistan ägirt uly gurluşyklaryň amala aşyrylýan ýurduna öwrüldi. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi aýratyn gözegçilikde saklanylýar. Ýurdumyzyň çar künjünde kalbyňy buýsandyryp, oba-şäherlerimiziň görküne görk goşýan ak mekdepleriň we çagalar baglarynyň täze binalary ajaýyp döwrümiziň zynatyna öwrülip, kalbyňa ylham berýär. Multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan synp otaglary ýaş nesilleriň ygtyýarynda. Okuw görkezme esbaplaryna, her bir synpyň okuw kitaplary bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilmegi netijesinde, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen täze kitaplar orta mekdeplere yzygiderli gelip gowuşýar.
Welaýatda bar bolan çagalar baglarynda hem ýaş nesilleri mekdebe taýýarlamak, olaryň ösüş aýratynlyklaryny üns merkezinde saklamak ýaly wezipeler esasy orunda durýar. Şadyýan çagalaryň ajaýyp durmuşynyň esasy pursatlary çagalar baglarynda geçýär. Bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň sözleýiş diliniň ösdürilmegi, sagdyn ösüp-ulalmaklary üçin yzygiderli aladalar edilýär. Durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwlet derejesinde ileri tutulmagy ýurdumyzyň bagtyýar çagalygyň we ähli arzuw-islegleriniň wysal bolýan ülkesidigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy döwrüniň içinde älem içre belent ykrarnama eýe boldy. Häzirki wagtda ýokary we orta hünär bilim hakyndaky şahadatnamalarynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegi ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde kämil bilim almagyna döredilýän ajaýyp mümkinçilikleriň biridir. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän ýaşlaryň ýylsaýyn artdyrylmagy, birnäçe hünärleriň açylmagy kämilleşdirilýän bilim özgertmeleriniň rowaç menzilleriniň biridir

Автор записи: admin