Bagtyýarlyk döwrümiz halkymyzyň eşretli günleriniň dowamat tapýan ajap eýýamydyr. Beýik ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini Garaşsyzlyk we Bitaraplyk atly goşa ganaty bilen arzylaýan halkymyz bu gün bedew bady bilen öňe barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly özüniň ajaýyp pursatlary bilen kalbyňa egsilmez buýsanç paýlaýar. Tutumly toýlaryň ýaýbaňlanýan güýz günlerinde ajaýyp zähmet ýeňşini baýram edýän daýhanlarymyzdan gelýän hoş habarlar çar tarapy gurşap alýar. Durmuşa geçirilýän oba özgertmeleri daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmegine giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň oba zähmetkeşleri üçin amatly şertleri üpjün edýän çözgütleri pudagyň döwrebap derejede ösmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hasyl berýän tohumlaryň seçgiçilik işlerini ýokarlandyrmak we ylmy taýdan esaslandyrylan işleri durmuşa ornaşdyrmak hemişe üns merkezinde saklanylýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanýan oba özgertmeleri bu gün özüniň guwandyryjy netijelerini berýär. Türkmenistan bu gün diňe bir oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän döwlet bolman, eýsem, olardan alynýan önümleri gaýtadan işleýän pudaklary gysga döwürde kemala getiren ýurda öwrüldi. Milli Liderimiziň oýlanyşykly durmuşa geçirýän oba özgertmeleriniň netijesinde, bu gün obalarymyz şäher bilen bäsleşýär.
Похожие записи '
12 Мар
23-nji martda gowaça ekişine girişiler
Şu ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanda pagta ekişine badalga berler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we...
11 Мар
Weterinar lukmançylygy ulgamynda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti
Tehnologiýanyň hem-de sanly ulgamyň giňden ýaýbaňlaşdyrylmagy lukmançylyk pudagyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär....
08 Мар
Pagtaçylyk işjeň ösdürilýär
Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän...
03 Мар
Türkmen hususyýetçileri 10 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi
Türkmenistanda oba-hojalyk ekinlerini ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary...