Döwrebap hyzmat üçin giň mümkinçilikler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň garamagyndaky durky düýpgöter täzelenen 170-nji awtoulaglara ýangyç guýujy döwrebap bekediň ulanylmaga berilmegi hem ýakymly pursatlara baý boldy.
Gubadag şäheriniň bir kilometr töweregi günortasynda, ýagny Gubadag — Daşoguz awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu bekediň durkuny täzelemek işlerini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň welaýat bölüminiň ezber elli gurluşykçylarynyň ýokary hil derejesinde alyp barandyklaryny turuwbaşdan bellemek bolar. Netijede bolsa taslama kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda alty ýüz awtoulaga hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan, dünýäniň ösen döwletleriniň ýangyç guýujy kompýuterleşdirilen enjamlary bilen doly üpjün edilen döwrebap beket bagtyýar gubadaglylaryň hyzmatyna berildi.
Bu ýerde müşderiler guýlan ýangyç üçin nagt we nagt däl görnüşde, ýagny elektron bank kartlary arkaly hem hasaplaşyp bilýärler. Şeýle hem bu beketde gije-gündiziň dowamynda A-80, A-92 we A-95 görnüşli awtoulag benzinleri hem-de dizel ýangyjy ýeterlik bolar. Munuň şeýle bolmagy üçin göwrüminiň sygymy 25 kub metr bolan täze demir gaplaryň birnäçesi oturdyldy. Bu ýerde ýangyç guýujy operatorlaryň ýylyň islendik möwsüminde talabalaýyk iş şertlerinde işlemekleri üçin ähli amatlyklar döredilen. Ýangyç guýujy beketlerimiziň aglabasy daşary ýurtlaryň ýokary hilli kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Bu bolsa müşderilere edilýän hyzmatyň ýokary hil derejesindediginden habar berýär.
Durky täzelenen bekediň işe giriziliş dabarasynda bekediň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara hem-de halypa operatorlara kärdeşler arkalaşyklarynyň Gubadag etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagy oňa gatnaşanlarda ýokary ruhubelentlik we hoşallyk duýgularyny döretdi.

Автор записи: admin