Döwrebap hyzmat edýäris

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň rowana ýollarynda uly ynam bilen gadam goýýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan toýlanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap merkezi kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», «Döwlet adam üçindir!», «Garaşsyz Diýarym, eziz Watanym», «Saglygym — baýlygym» atly kitap sergilerini gurady. Bu kitap sergilerini mekdep okuwçylary, halypa mugallymlar höwesli gelip görýärler, kitaphanamyzyň kitap gory bilen tanyşýarlar. Kitaphanamyzyň 19811 kitap gory bolup, 4533 okyja hyzmat edýär.
Kitaphanada baýramçylyga bagyşlanan okyjylar maslahatlaryny, edebiýat agşamlaryny, duşuşyklary, baýramçylyk çärelerini geçirmek bilen çäklenmän, etrabyň çäginde ýerleşýän gadymy galalara syýahatlar guralýar. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyzyň şa galamynyň astyndan çykan, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň «Daşoguzyň gadymy topragynda» atly bölüminden bu ýadygärlikler baradaky maglumatlary, rowaýatlary okap bermek bilen, olary taryhymyz bilen tanyşdyrýarlar.

Автор записи: admin