Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistan ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldy. Bu bazar gatnaşyklary döwründe, diňe bir halk hojalygyny, şol sanda telekeçiligi ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň goraglylygyny hem üpjün etmäge gönükdirilendi. Geçiş döwründe jemgyýetimiziň maddy we ruhy esaslary döredilip başlandy. Döwletimiziň çig mala garaşlylygyny azaltmak üçin, daşary ýurt maýa goýumlaryna giň ýol açýan «Açyk gapylar» syýasaty yglan edildi. Şol döwürde Bitaraplyk derejesiniň alynmagy hem ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň kepili boldy.
Geçen 30 ýylyň içinde Watanymyzyň taryhy ösüşinde müňýyllyklara barabar işler amala aşyryldy. Öň, esasan, çig mala ýöriteleşdirilen halk hojalygymyz bu günki gün ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna goşuldy.
2007-nji ýyldan jemgyýetimizde täze eýýam başlandy diýsek ýalňyş bolmaz. Çünki şol ýyldan ykdysady we durmuş ulgamlaryny özgertmegiň täze tapgyry badalga aldy. Milli ykdysadyýetiň ylmy esaslary işlenip düzüldi. Bu döwlet tarapyndan dolandyrylýan, adamlaryň goraglylygyna gönükdirilen milli nusgady. Häzir döwlet býujetiniň 70 göteriminden gowragy durmuş ulgamyna sarp edilýär. Soňky ýyllaryň dowamynda dokma, metallurgiýa, dag-magdan,
Syýahatçylyga uly mümkinçilikleri bolan Diýarymyzda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi, Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilýär. Döwletimiziň üstünden üstaşyr geçýän «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ulag ulgamlary döredildi. Şeýle hem goňşy Owganystana demir ýol, Eýrana bolsa gara, demir ýollar çekildi. Hytaýa, Russiýa we Eýrana gaz geçirijiler çekilip, Türkiýe, Eýran, Owganystan, Täjigistan döwletlerine bolsa elektrik energiýamyzy sarp etmäge mümkinçilik döredildi. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
2012-nji ýylda Bütindünýä banky Türkmenistany orta gürpden ýokary derejedäki ýurt diýip belledi. Ine, indi birnäçe ýyldan bäri bolsa Türkmenistan öz milli Lideriniň baştutanlygynda hakyky ösüşleri başdan geçirýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ilkinji ädimlerinden başlap, türkmen döwleti has hem güýçlenip, dünýäni haýran etdi. Jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleri geçirmegiň netijesinde, ýurdumyz ýylyň-ýylyna jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini gazanyp gelýär. Döwletimizde ähli ulgamlary döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça hem köp işler amal edilýär.
Her bir döwletiň kuwwaty, onuň geljegi ylymly-bilimli ýaş nesle bagly. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçenden, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berdi. Ylymlar akademiýasy, aspirantura we doktorantura dikeldildi. Orta mekdeplerde 12 ýyllyk umumy orta bilime geçildi. Okuw maksatnamalaryna täze dersler girizildi. Multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary guruldy, öňden barlary bolsa döwrebaplaşdyryldy. Bu gün türkmen ýaşlary diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw jaýlarynda özleriniň bilimlerini artdyrýarlar.
Ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň we onuň birnäçe täsinlikleriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň we döwrebaplaşýandygynyň alamatydyr. Şeýle hem ähli welaýatlarda, etrapdyr şäherlerde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dürli maksatly ymaratlar guruldy we gurulýar. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde Türkmenistan kosmiki döwletleriň hataryna goşuldy. 2015-nji ýylda ilkinji «TürkmenÄlem 520E» milli aragatnaşyk hemrasy uçuryldy.
Garaşsyzlyk halkymyza öz taryhyny gaýtaryp berdi. Taryh, onuň bilen aýrylmaz baglanyşykly medeni miras halkyň geçen ýoluny dikeltmäge, oňa guwanmaga we ony şöhratlandyrmaga itergi berdi. Ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy we umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.
Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda demokratiýa, halk häkimiýeti has hem berkedi. Dünýäniň köp döwletlerinde bolşy ýaly, milli parlamentimiz hem iki palataly ulgama geçip, Türkmenistanyň Milli Geňeşi Halk Maslahatyndan we Mejlisden durýar.
Halkara gatnaşyklarda hem Türkmenistanyň at-abraýy gün-günden arşa galýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýip yglan etdi. Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasaty we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy esasynda, dünýä ýurtlary, halkara guramalar bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barýar. Watanymyz häzire çenli dünýäniň 150 çemesi döwleti bilen diplomatik we 100-den gowrak ýurt bilen hem söwda gatnaşyklaryny ýola goýdy. Ýurdumyz halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy. Soňky 10 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58,62,64,68,71 we 75-nji sessiýalaryna wise-başlyklyk etmegi, Türkmenistanyň halkara abraýynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly ykrar edilýändigini görkezýär. Şu ýyl özüniň 140 ýyllygyny bellän merjen şäherimiz Aşgabat diňe bir halkara ylalaşdyryjy merkez bolman, eýsem, ol halkara sport, syýahatçylyk we medeni merkezdir. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, 2008-nji ýylda bolsa Ýewropa Bileleşiginiň «Ýewropa Öýi» açyldy. Merjen şäherimiz Aşgabat we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara forumlaryň, maslahatlaryň, dürli sergileriň, festiwallaryň, medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Türkmenistan birwagtlar oba hojalyk döwleti bolandan, bu günki gün elektron senagatly kuwwatly döwlete öwrüldi. Häzir elektron senagatymyz smart telewizorlary, kompýuterleri, ykjam telefonlary we başgalary öndürýär. Geçen okuw ýylynda 1-nji synpda okaýan körpelere hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl sowgady, ýagny Türkmenistanda öndürilen «Bilimli» atly kompýuterler gowşuryldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşy almak üçin Watanymyzda uly möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bu şanly senä 30 sany iri desgany gurup, ulanmaga bermek maksat edinildi. Olardan eýýäm hereket edýän Kerki Halkara howa menzilini, her welaýatlardaky 3000 orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binalaryny, Gökdepe etrabyndaky Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini, «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bir bölegini, «Garagum» myhmanhanasyny we başgalary görkezmek bolar. Şonuň ýaly-da, baýramçylyga bagyşlanyp Aşgabadyň iň beýik ýerinde 300 metrlik diň gurlar.