Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň milli Liderimiziň üns merkezinde durýandygyny aňladýar. Tebigatyň ýagdaýyna baha bermäge ýardam edýän daşky gurşawy kadalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň ulgamy durnukly ösüş konsepsiýasynyň maksatlary bilen sazlaşýar. Bu toplumlaýyn çäreleriň hatarynda ykdysadyýetiň ekologiýalaşmagy we onuň tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy bilen sazlaşykda alnyp barylmagy, ekologiýa seljermesiniň geçirilmegi, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly netijeli çäreler bardyr.
Похожие записи '
11 Мар
Ykdysady üstünlikleriň batly gadamlary
Berkarar döwletimizde ykdysadyýetiň pudaklarynyň hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, maksatnamalaýyn özgertmeleriň amala...
10 Мар
Almaly, käşirli, darçynly tort
Gerekli önümler: 3 sany ýumurtga 1.5 bulgur şeker 1 käse süýt 1 käse ýag 2 nahar çemçesi gatyk 2 bulgur...
27 Фев
Türkmenistanda glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan çörek öndürilýär
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni...
24 Фев
Milli gymmatlyklaryň belent sarpasy
Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, türkmen alabaý itleri dünýäde uly şöhrata eýe...