Depgin güýçlenýär

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň öňdebaryjy hojalyklarynyň hatarynda tanalýan «Galkynyş» daýhan birleşiginde bugdaý ekişiniň ýokary depginde alnyp barylmagy aýratyn bellenmäge mynasyp. — Daýhan birleşigi boýunça 420 gektarda güýzlük bugdaý ekişini geçirmek, geljek ýyl şonça ýerden 766,5 tonna ýokary hilli galla hasylyny almak üçin 94 sany kärendeçi bilen şertnama baglaşyldy. Hojalygyň ähli kärendeçileriniň hem daýhançylyk işinde baý tejribesi bar. Taba gelen ýerleri sürmekde, ekmekde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tehnikalary işledilýär. Mehanizatorlar berkidilen tehnikalaryň saz işlemegini gazanyp, her bir agrotehniki çäräni talabalaýyk berjaý edýärler. Olaryň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde, her günde hojalykda 25 — 30 gektar ýerde ekiş geçirýär.

Автор записи: admin