Daýhanyň gyş aladalary — berekediň binýady

Vurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek baradaky giň gerimli aladalaryň netijesinde ene toprakdan bol hasyl öndürmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýan Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri önümçiligiň dürli ugurlarynda — gallaçylykda, pagtaçylykda, gök ekerançylykda, bagbançylykda ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Olar geçen ýylda Watan harmanyna 2770 tonnadan gowrak «ak altyn», 2030,4 tonna bugdaý, ýüzlerçe tonna gök, bakja, miwe önümlerini tabşyryp, bu babatda belent sepgitlere ýetdiler.
Şeýle üstünlikler bilen ruhlanan birleşigiň babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýyla hem uly ynam, çäksiz gujur-gaýrat bilen gadam basdylar. Olar häzirki wagtda güýz ekilen bugdaýlara ideg etmek, ýerleri ýazky gowaça ekişine taýýarlamak, bag-bakjalarda derwaýys çäreleri geçirmek boýunça möhüm aladalary has-da ýaýbaňlandyrdylar. Şoňa görä-de, häzirki dowam edýän gyş günlerinde ekin meýdanlarynda hiç bir pursady elden bermezligi ýüreklerine düwüp, ýadawsyz zähmet çekýän gallaçylara, pagtaçylara, bagbanlara, mehanizatorlara uzynly gün gabat gelmek bolýar.
Ýeri gelende aýtsak, bu hojalykda bagbanlaryň işleri-de häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp guralypdyr. Daýhan birleşiginde bar bolan 30 gektar bag meýdanlarynda ökde bagbanlaryň ençemesi zähmet çekip, öz iş tejribelerini ýaşlara hem yzygiderli öwredýärler. Şu ýerde ýene-de bir bellemeli zat, hormatly Prezidentimiziň soňky ýyllarda baglary, aýratyn hem üzüm agaçlaryny köpeltmek barada öňde goýýan wezipeleriniň berjaý edilmegine goşant goşmak maksady bilen, bu ýerde 3 gektar ýerde üzüm bagy döredilipdir. Onda iş alyp barýan bagban Çarymyrat Isgenderowyň aýtmagyna görä, bagyň meýdanyny ýene-de artdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin öňde boljak bag ekiş möwsüminde derwaýys çäreleri ýerine ýetirmek bellenilýär.
Görnüşi ýaly, daýhan birleşiginiňşeýle derwaýys ugurlarda ene toprak bilen iş salyşýan adamlarynyň ählisiniň bir asylly maksatlary bar. Ol hem bolsa öz maňlaý derlerini siňdirip ýetişdirýän önümleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine, bazarlarymyzyň bolçulygyna mynasyp goşant goşmakdan ybarat. Olaryň häzirki günlerde edýän tagallalary munuňşeýle boljakdygyna güwä geçýär.
urdumyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek baradaky giň gerimli aladalarynyň netijesinde ene toprakdan bol hasyl öndürmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýan Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri önümçiligiň dürli ugurlarynda — gallaçylykda, pagtaçylykda, gök ekerançylykda, bagbançylykda ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Olar geçen ýylda Watan harmanyna 2770 tonnadan gowrak «ak altyn», 2030,4 tonna bugdaý, ýüzlerçe tonna gök, bakja, miwe önümlerini tabşyryp, bu babatda belent sepgitlere ýetdiler.
Şeýle üstünlikler bilen ruhlanan birleşigiň babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýyla hem uly ynam, çäksiz gujur-gaýrat bilen gadam basdylar. Olar häzirki wagtda güýz ekilen bugdaýlara ideg etmek, ýerleri ýazky gowaça ekişine taýýarlamak, bag-bakjalarda derwaýys çäreleri geçirmek boýunça möhüm aladalary has-da ýaýbaňlandyrdylar. Şoňa görä-de, häzirki dowam edýän gyş günlerinde ekin meýdanlarynda hiç bir pursady elden bermezligi ýüreklerine düwüp, ýadawsyz zähmet çekýän gallaçylara, pagtaçylara, bagbanlara, mehanizatorlara uzynly gün gabat gelmek bolýar.
Ýeri gelende aýtsak, bu hojalykda bagbanlaryň işleri-de häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp guralypdyr. Daýhan birleşiginde bar bolan 30 gektar bag meýdanlarynda ökde bagbanlaryň ençemesi zähmet çekip, öz iş tejribelerini ýaşlara hem yzygiderli öwredýärler. Şu ýerde ýene-de bir bellemeli zat, hormatly Prezidentimiziň soňky ýyllarda baglary, aýratyn hem üzüm agaçlaryny köpeltmek barada öňde goýýan wezipeleriniň berjaý edilmegine goşant goşmak maksady bilen, bu ýerde 3 gektar ýerde üzüm bagy döredilipdir. Onda iş alyp barýan bagban Çarymyrat Isgenderowyň aýtmagyna görä, bagyň meýdanyny ýene-de artdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin öňde boljak bag ekiş möwsüminde derwaýys çäreleri ýerine ýetirmek bellenilýär.
Görnüşi ýaly, daýhan birleşiginiňşeýle derwaýys ugurlarda ene toprak bilen iş salyşýan adamlarynyň ählisiniň bir asylly maksatlary bar. Ol hem bolsa öz maňlaý derlerini siňdirip ýetişdirýän önümleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine, bazarlarymyzyň bolçulygyna mynasyp goşant goşmakdan ybarat. Olaryň häzirki günlerde edýän tagallalary munuňşeýle boljakdygyna güwä geçýär.
oba hojalyk pudagyny ösdürmek baradaky giň gerimli aladalarynyň netijesinde ene toprakdan bol hasyl öndürmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýan Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri önümçiligiň dürli ugurlarynda — gallaçylykda, pagtaçylykda, gök ekerançylykda, bagbançylykda ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Olar geçen ýylda Watan harmanyna 2770 tonnadan gowrak «ak altyn», 2030,4 tonna bugdaý, ýüzlerçe tonna gök, bakja, miwe önümlerini tabşyryp, bu babatda belent sepgitlere ýetdiler.
Şeýle üstünlikler bilen ruhlanan birleşigiň babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýyla hem uly ynam, çäksiz gujur-gaýrat bilen gadam basdylar. Olar häzirki wagtda güýz ekilen bugdaýlara ideg etmek, ýerleri ýazky gowaça ekişine taýýarlamak, bag-bakjalarda derwaýys çäreleri geçirmek boýunça möhüm aladalary has-da ýaýbaňlandyrdylar. Şoňa görä-de, häzirki dowam edýän gyş günlerinde ekin meýdanlarynda hiç bir pursady elden bermezligi ýüreklerine düwüp, ýadawsyz zähmet çekýän gallaçylara, pagtaçylara, bagbanlara, mehanizatorlara uzynly gün gabat gelmek bolýar.
Ýeri gelende aýtsak, bu hojalykda bagbanlaryň işleri-de häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp guralypdyr. Daýhan birleşiginde bar bolan 30 gektar bag meýdanlarynda ökde bagbanlaryň ençemesi zähmet çekip, öz iş tejribelerini ýaşlara hem yzygiderli öwredýärler. Şu ýerde ýene-de bir bellemeli zat, hormatly Prezidentimiziň soňky ýyllarda baglary, aýratyn hem üzüm agaçlaryny köpeltmek barada öňde goýýan wezipeleriniň berjaý edilmegine goşant goşmak maksady bilen, bu ýerde 3 gektar ýerde üzüm bagy döredilipdir. Onda iş alyp barýan bagban Çarymyrat Isgenderowyň aýtmagyna görä, bagyň meýdanyny ýene-de artdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin öňde boljak bag ekiş möwsüminde derwaýys çäreleri ýerine ýetirmek bellenilýär.
Görnüşi ýaly, daýhan birleşiginiňşeýle derwaýys ugurlarda ene toprak bilen iş salyşýan adamlarynyň ählisiniň bir asylly maksatlary bar. Ol hem bolsa öz maňlaý derlerini siňdirip ýetişdirýän önümleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine, bazarlarymyzyň bolçulygyna mynasyp goşant goşmakdan ybarat. Olaryň häzirki günlerde edýän tagallalary munuňşeýle boljakdygyna güwä geçýär.

Автор записи: admin